09.12.2021 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Täze «Erkin» seýilgähi Aşgabadyň ýaşyl lybasyna görk goşdy
Täze «Erkin» seýilgähi Aşgabadyň ýaşyl lybasyna görk goşdy
20.11.2021 65 Habarlar

19-njy noýabrda paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde açylan «Erkin» atly täze, döwrebap seýilgäh hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýaýbaňlandyrylan, Aşgabady ösdürmegiň şähergurluşyk maksatnamasynyň aýdyň netijesidir. Täze seýilgäh Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň we Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň giňden dabaralandyrylan ýylynda ýurdumyzyň baş şäheriniň ilaty üçin ajaýyp sowgat boldy.

Paýtagtymyzyň seýilgähleri we gök zolaklary ak mermerli binalar toplumynyň ajaýyp ýaşyl jähegi bolup hyzmat edýär. Özboluşly binagärlik çözgütli «Garagum» oteliniň ýanynda ýerleşýän täze «Erkin» seýilgähiniň, şäher ilaty üçin bolşy ýaly, paýtagtymyzyň myhmanlary üçin hem söýgüli künjekleriň birine öwrüljekdigi şübhesizdir.