«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly
at-myradyň mekany» diýlip yglan edilen Täze ýylyň garşylanylýan pursatlary
ýurdumyz üçin ýatda galyjy wakalara baý boldy. Täze ýylyň başlanýan çaglarynda
paýtagtymyzdaky Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde
nurana arzuwlara beslenip gelen ýylyň ilkinji perzendi dünýä indi.
Degişli lukmançylyk maglumatlaryna laýyklykda,
Gaýypowlaryň maşgalasyna goşulan bäbejigiň saglyk ýagdaýy, özüni duýşy
kanagatlanarly. Täze ýylyň ilkinji pursatlarynda doglan oglan bäbejigiň agramy
3 kilogram 100 gram we boýy 48 santimetr ölçeglerde bellige alyndy.
Atamyrat diýlip atlandyrylan bäbejigiň ata-eneleri
häzirki döwürde ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, çagalaryň sazlaşykly
ösüşini ýola goýmak ugrunda döwlet derejesinde edilýän alada üçin hormatly
Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Şu ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew
batly at-myradyň mekany» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli täze dünýä inen
bäbejige dakylan adyň «At-myrat» diýen paýhasly jümle bilen utgaşýandygyny
bellemek ýakymly.
Bäbejigiň dünýä inmegi mynasybetli bagtyýar maşgala hormatly
Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan toý sowgatlary gowşuryldy.
Şunda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat
bermek boýunça haýyr-sahawat Gaznasynyň adyndan hem sowgatlar gowşuryldy.
Täze ýylyň ilkinji pursatlarynda ýurtda ilkinji bäbegi
dünýä inen maşgala agzalary sowgatlar we hoşniýetli arzuwlar üçin Arkadagly
Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş we hoşallyk
sözlerini aýtdylar hem-de ynsanperwer ýörelgeleri esasy ugur edinýän
Haýyr-sahawat gaznasynyň işine rowaçlyk arzuw etdiler.