milli goshun logo
«Taýçanak» atly bina açyldy
«Taýçanak» atly bina açyldy
28.04.2025 182 Habarlar

Düýn – 27-nji aprelde halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen nurana bedewleriň şanyna guralýan baýramçylygyň çäklerinde Arkadag şäherinde «Akhan» binasyndan «Taýçanak» binasyna çenli aralykda durky täzelenen Ahalteke atlary şaýolunyň hem-de täze gurlan «Taýçanak» atly binanyň açylyş dabarasy boldy.

Ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikdäki tagallalary bilen ýaýbaňlandyrylan edebi sazly kompozisiýa bu ýerde guralan çärä özboluşly baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Çykyşda Taýçanak atly bedewiň tarypy ýetirilip, häzirki döwürde milli atşynaslykda öçmejek yz goýan Aba seýis ýaly ussatlaryň tagallasy esasynda ahalteke bedewleriniň şöhratynyň dünýä dolandygy baradaky maglumatlar çeper beýan edildi.