milli goshun logo
Tanyşdyrylyş dabarasy boldy
Tanyşdyrylyş dabarasy boldy
18.01.2025 304 Habarlar

Düýn – 17-nji ýanwarda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Watançylyk ruhuna beslenen çärä ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, serkerdeler, çagyryş boýunça harby gullukçylar, harby talyplar hem-de harby mekdebiň okuwçylary gatnaşdylar.

Tanyşdyrylyş dabarasynda merdana Watan goragçylary Magtymguly Pyragynyň dürdäne eserleriniň asyrlar geçse-de türkmen durmuşynda we terbiýe mekdebinde mynasyp orun eýeläp gelýändigini, şahyryň döredijiliginiň halkymyzyň ruhy dünýäsiniň, ene diliniň, edebi mirasynyň, özboluşly ýaşaýyş medeniýetiniň, ýaş nesli ýokary ahlak ýörelgelerine laýyklykda terbiýelemegiň milli mekdebiniň esasydygyny, ussadyň şygyrlarynyň adamlarda iň gowy häsiýetleri – ruhy-ahlak taýdan päkligi, dogruçyllygy, il-güne, Watana wepalylygy, ylma-bilime ymtylyşy, bilesigelijiligi terbiýeleýändigini uly buýsanç bilen nygtadylar.

Dabarada Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň harby gullukçylarynyň ýerine ýetiren edebi-sazly kompozisiýasy, akyldar şahyryň goşgusyna taýýarlan çeper okaýyşlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary çäräniň ähmiýetini has-da artdyrdy.