milli goshun logo
«Spynel termal» kameralary binalary dron hüjümlerinden gorar
«Spynel termal» kameralary binalary dron hüjümlerinden gorar
25.10.2019 3032 Tehnologiýa

Dronlary we uçarmansyz uçarlary ýüze çykarmak birnäçe sebäplere görä örän kyndyr. Olaryň göwrüminiň kiçi bolýanlygy we metal bolmadyk materiallardan öndürilýänligi sebäpli radar sistemalary arkaly anyklamak, aýratynam guşlar ýaly beýleki uçýan jisimlerden tapawutlandyrmak ýeňil bolmaýar. Şonuň üçin hem «HGH» kompaniýasy uçarmansyz uçarlary gözegçilige almak üçin V-LRF aýratynlygy bilen üpjün edilen «Spynel termal» atly kameralary işläp taýýarlady.

Bu ulgam islendik hadysany gözden salmazlyk üçin ähli tarapdan gelýän nyşanalary bellige almak ukybyna eýe. Çalt hereket edýän jisimleri anyklamakda we ýüze çykarmakda radar ýaly hereket edýär. Netijede, «Spynel termal» kameralaryna ornaşdyrylan iň soňky we kämil aýratynlyklar dronyň beýikligini, aralygyny we tizligini anyklamaga ýardam edip, maglumatyň ynamlylygyny artdyrýar.