milli goshun logo
Sowutly ulaglaryň täze nesli
Sowutly ulaglaryň täze nesli
13.05.2024 162 Tehnologiýa

«Ruselektronika» kompaniýasy sowutly ulaglaryň köpugurly täze neslini hödürleýär. Bu broneawtomobil  garşydaşyň uçarmansyz uçarlaryna garşy göreşmek üçin niýetlenen. Ykjam toplumyň howpy basyş arkaly kesgitleýän hem-de dürli ýok ediji ýaraglar bilen söweşýän görnüşleri öndürilýär. «Rat»-yň bir görnüşi uzak aralykdan dolandyrylýan modul bilen enjamlaşdyrylan bolup, birbada birnäçe uçarmansyz uçary 2 kilometr aralykda ýok etmäge ukyplydyr. Beýleki görnüşinde bolsa, ýaragyň ýerine 1,5 kilometr çenli uzaklykdaky uçarmansyz uçarlary dessine ýakýan güýçli lazer oturdylan. «Ruselektronika» kompaniýasy häzirki wagtda bäş sany sowutly ulagyny synaga goýberip, 2024-nji ýylyň birinji çärýeginde doly önümçilige başlamagy maksat edinýär.