milli goshun logo
Sesden çalt uçýan raketa
Sesden çalt uçýan raketa
27.02.2020 8154 Tehnologiýa

«Guangdong Hongda Blasting» kompaniýasy sesden hem çalt uçýan täze «HD-1» raketasynyň barlag uçuşlaryny üstünlikli tamamlady. Kompaniýanyň hünärmenleri raketanyň hemme aýratynlyklarynda öz maksatlaryna ýetendiklerini belleýärler. Barlag uçuşlarynda raketanyň uçuş güýji we uçuş gözegçilik ulgamlary doly barlandy.

Täze raketada kämilleşdirilen ygtybarly ýangyç tehnologiýasy ulanyldy. Ony işläp düzen kompaniýa geljekde raketanyň howadan, guryýerden we deňizden zyňylýan görnüşlerini müşderilerine hödürlär. Kompaniýanyň hünärmenleriniň aýtmaklaryna görä, kämilleşdirilen ygtybarly ýangyç tehnologiýasy raketanyň agramynyň has ýeňil bolmagyna we az ýangyç bilen uzak aralyga gitmegine mümkinçilik berýär. Barlag uçuşy raketanyň ähli tarapdan uçuşa taýýardygyny subut etdi. «HD-1» raketasy kompaniýanyň öndüren ilkinji önümidir.