7-nji iýulda Belgrad şäherindäki Serbiýa Respublikasynyň
Prezidentiniň köşgünde Türkmenistanyň Serbiýa Respublikasyndaky täze bellenen
Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Esen
Aýdogdyýewiň Serbiýa Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Wuçiçe ynanç
hatlaryny gowşurmak dabarasy boldy.
Dabaranyň
dowamynda ilçi E.Aýdogdyýew Serbiýanyň Prezidenti A.Wuçiçe we serb halkyna
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli
Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamlaryny ýetirdi.
Öz gezeginde,
Serbiýa Respublikasynyň Prezidenti mähirli arzuwlar üçin minnetdarlyk bildirip,
türkmen diplomatyny ýokary wezipä bellenilmegi bilen gutlady, oňa işinde
üstünlikler arzuw etdi. Şeýle-de Türkmenistanyň hem-de Serbiýa Respublikasynyň
arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň iki ýurduň bähbitlerine laýyklykda dowam
etdiriljekdigine ynam bildirdi.
Mundan başga-da,
duşuşygyň dowamynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagy,
syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi
bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.