22.04.2024 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
SENATOR MRAP SOWUTLY AWTOULAGY
SENATOR MRAP SOWUTLY AWTOULAGY
27.10.2023 609 Tehnologiýa

Roshel Smart Armored Vehicles kompaniýasy özüniň täze önümini-Senator MRAP sowutly awtoulagyny öndürdi. Awtoulagyň esasy özenini “Ford F-551” düzýär. Onuň içine 10 adam ýerleşip biler. Bu ulagyň mina çydamly ýörite oturguçlary hem bar. Senator MRAP-yň esasy artykmaçlygy ýaraglary goramakdan ybaratdyr. Ol 30 metr aralykda atylýan 7,62x39 mm pulemýotyň zarbasyna hem çydap bilýär. Awtoulag sowutly gapylar, ok geçirmeýän laminirlenen  aýna bilen üpjün edilendir. Ulagy pulemýot, awtomatiki granat atyjy ýa-da ATGM oturdyp bolýan Rheinmetal Fieldranger uzakdan dolandyrylýan söweş týureti bilen ýaraglandyryp bolýar.