Düýn – 28-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleri dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek we ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Galla kabul ediş kärhanalaryny, elewatorlary, kombaýnlary, beýleki tehnikalary galla oragy möwsümine taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri ýerine ýetirilýär. Ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda möwsümleýin ideg işleri geçirilýär.
Döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, hususan-da, gowaça we ýazlyk ekinlere ideg etmek, galla oragyna taýýarlyk görmek işleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.