09.12.2021 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Şanly baýramda – Şa serpaýy
Şanly baýramda – Şa serpaýy
26.09.2021 259 Harby özgertmeler

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygynyň uludan toýlanýan günlerinde ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda göreldeli zähmet çekýän ildeşlerimiziň ençemesine hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda hormatly atlar dakyldy, döwlet sylaglary gowşuryldy. Şonuň ýaly-da, edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň jemleri hem jemlenildi. Hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda bäsleşigiň ýeňijileri Şa serpaýlary bilen sylaglandy.

Iň gowy makalalar we oçerkler ugry boýunça Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy – kafedranyň müdiriniň orunbasary, maýor Ýagşymyrat Nuryýew «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolmagy başardy. Ýene-de bu harby ýokary okuw mekdebinden bäsleşigiň aýdymçynyň ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy ugrundan institutyň medeniýet öýüniň müdiri, kapitan Merdan Amangylyjow abraýly sylaga mynasyp boldy.

Şanly baýramda Şa serpaýyna mynasyp bolan, harby ulgamda ak ýürekden zähmet çekip, Watanymyzyň asudalygyny üpjün edýän harby gullukçylar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döredip berýän şeýle ajaýyp mümkinçilikleri üçin hormatly Belent Serkerdebaşymyza tükeniksiz alkyş aýdýarlar.

«Milli goşun».