milli goshun logo
Sahawatly türkmen topragynyň şanyna baýramçylyk dabaralary
Sahawatly türkmen topragynyň şanyna baýramçylyk dabaralary
1 gün öň 61 Habarlar

Şu gün türkmen topragynyň sahawatyny, rysgal-berekedi alamatlandyrýan Hasyl toýy mynasybetli dabaralar geçirildi. Garagum derýasynyň Aşgabat şäheriniň çäginden geçýän böleginiň kenary baýramçylyk dabarasynyň ýaýbaňlandyrylan esasy merkezi boldy. Dabara Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Halk Maslahatynyň agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, öňdebaryjy oba hojalyk işgärleri, hormatly ýaşulular gatnaşdylar.

Hasyl toýunyň öňüsyrasynda — 8-nji noýabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça şu ýylda iň ýokary görkezijileri gazanan oba hojalyk pudagynyň öňdebaryjylaryny sylaglamak dabarasy geçirildi. Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Permanyna laýyklykda, olara «Watana bolan söýgüsi üçin» medaly, şeýle hem gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Munuň özi ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň ösmegine mynasyp goşant goşýan öňdebaryjy kärendeçileriň, mehanizatorlaryň, alym-agronomlaryň, seçgiçileriň we beýleki hünärmenleriň hormatynyň hemişe belentdediginiň aýdyň güwäsidir.

...Irden Garagum derýasynyň Aşgabat şäheriniň çäginden geçýän kenarynda özboluşly bezelen sahnada estrada aýdymçylarynyň, döredijilik toparlarynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz Watanymyzyň ýeten sepgitlerini wasp edýän çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Baýramçylyga gatnaşyjylara we myhmanlara milli tagamlar, pişmedir süýjülikler hödür edildi.

Toý dabarasynyň ýaýbaňlandyrylan bezemen sahnasynda hemmeler hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.

Dabaranyň dowamynda oba hojalyk toplumynyň zähmetkeşleriniň adyndan ýurdumyzda giňden bellenilýän Hasyl toýy mynasybetli, 2022-nji ýylda doglan, Perman we Gaýmak diýen atlaryň neslinden bolan Sahabatly atly ajaýyp ahalteke bedewi Arkadagly Gahryman Serdarymyza sowgat berildi.

Dabaranyň çäklerinde açyk asmanyň astynda ýurdumyzyň oba hojalyk we gaýtadan işleýän senagatynyň gazanan üstünliklerini görkezýän sergi guraldy. Onda oba hojalyk toplumynyň ähli pudaklary, Aşgabat, Arkadag şäherleri, ýurdumyzyň welaýatlary öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar.

Sergide däneçilik pudagyna degişli sergi diwarlygyna aýratyn orun berlipdir.

Ýurdumyzyň pagtaçylarynyň üstünliklerine bagyşlanan sergi bölüminde ak pagta hanalary, çig maly gaýtadan işlemek arkaly alynýan önümleriň görnüşleri bar. Oba hojalygynda hususy pudagyň gazanan üstünliklerini, suw hojalygynda, atçylyk, maldarçylyk, tebigaty goramak, azyk, gaýtadan işleýän we dokma senagaty ugurlarynda ýetilen belent sepgitleri beýan edýän diwarlyklar dabara gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi. Bu ýerde milli buýsanjymyz bolan ahalteke bedewlerini, türkmen alabaýlaryny hem-de gözel tebigatymyzy wasp edýän amaly-haşam sungatynyň eserleriniň, bugdaý, gowaça, dürli görnüşli güller ekilen meýdançalaryň, maldarçylyk pudagynyň gözden geçirilişi hem guraldy.

Ak öýleriň ýanynda gazanlar atarylyp, türkmen toýuna mahsus milli tagamlar taýýarlanyldy. Milli göreş, tanap çekmek, ýaglyga towusmak, küşt we şaşka boýunça geçirilen ýaryşlar ussatlary ýüze çykardy. Teatrlaşdyrylan sahna çykyşlary bilen birlikde, halk we estrada aýdymlary ýerine ýetirildi. Baýramçylyk dabarasynyň baý döredijilik keşbinde häzirki zaman türkmen sungatynyň özboluşlylygy, onuň žanrlarynyň köpugurlylygy, däp-dessurlaryň dowamatlylygy öz beýanyny tapdy.

Hasyl toýy mynasybetli ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde-de maslahatlar, öňdebaryjy oba hojalyk işgärlerini sylaglamak dabaralary, baýramçylyk konsertleri, beýleki medeni-köpçülikleýin çäreler geçirildi.