milli goshun logo
Resmi habarlar
Resmi habarlar
15.05.2025 65 Habarlar

Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.

***

Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti degişli resminamalara gol çekdi. Resminamalara laýyklykda, «Türkmengaz» döwlet konsernine we «Türkmennebit» döwlet konsernine Malaýziýanyň «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» hem-de Birleşen Arap Emirlikleriniň «ADNOC Türkmenistan RSC Limited» kompaniýalary bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar berildi.