milli goshun logo
Resmi habarlar
Resmi habarlar
05.07.2020 1409 Habarlar

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek we durnukly ösmegini üpjün etmek, şeýle hem dünýä ykdysadyýetinde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurdumyzyň ykdysadyýetine ýetirýän täsirlerini peseltmek boýunça çäreleri guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, dünýä ykdysadyýetinde emele gelen çylşyrymly ýagdaýlaryň ýurduň ykdysadyýetine ýetirýän täsirlerini peseltmek hem-de milli ykdysadyýeti durnukly ösdürmek boýunça 2020-2021-nji ýyllar üçin milli maksatnama tassyklanyldy. Şeýle hem degişli ministrliklere, pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine şu Kararyň birinji böleginde görkezilen maksatnamada bellenen çäreleriň durmuşa geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

* * *

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň ýokary depginini saklamak, bu ugurda dünýäde ýüze çykan çylşyrymly ýagdaýlaryň täsirini azaltmaga gönükdirilen zerur çäreleri amala aşyrmak, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde öňe sürlen degişli halkara başlangyçlaryny milli derejede durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Resminama laýyklykda, Türkmenistanda ýiti ýokanç keseliniň pandemiýasyna garşy dessin durmuş-ykdysady çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy. Şeýle hem Türkmenistanyň Daşary işler ministrligine şu Kararyň birinji böleginde görkezilen meýilnamany ýerine ýetirmek üçin Birleşen Milletler Guramasy, onuň ýöriteleşdirilen edaralary, halkara maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlygyň işjeňleşdirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Mährijemal Mekandurdyýewna Mämmedowa başga işe geçmegi sebäpli, Mary welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Aknabat Orazmyradowna Atabaýewa Mary welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bellenip, ol Türkmenistanyň bilim ministriniň ýokary we orta hünärmen mekdepleri boýunça orunbasary wezipesinden boşadyldy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Ezizgeldi Orazmuhammedowiç Annamuhammedow Türkmenistanyň Hökümetinden Ýewropa Bileleşiginiň halkara tehniki kömek baradaky milli utgaşdyryjysy we Bütindünýä bankynyň Türkmenistandan dolandyryjysy wezipelerinden boşadyldy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri Muhammetgeldi Nurgeldiýewiç Serdarow Türkmenistanyň Hökümetinden Ýewropa Bileleşiginiň halkara tehniki kömek baradaky milli utgaşdyryjysy we Bütindünýä bankynyň Türkmenistandan dolandyryjysy wezipelerine bellenildi.

* * *

«Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini 2020-nji ýylda çagyrmak hakynda» Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda kabul eden 2-nji kararyny ýerine ýetirmek hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmek tabşyryldy.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2020-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy. Döwlet toparyna 2020-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmäge guramaçylyk-usulyýet taýdan ýolbaşçylyk etmek hem-de onuň bellenen tertipde geçirilmegini guramak tabşyryldy.

Welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmek boýunça iş toparlarynyň talabalaýyk işlemegi üçin zerur şertleri döretmäge borçly edildi.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2020-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine welaýatlar we Aşgabat şäheri boýunça okuwa kabul etmegiň meýilnamasy, 2020-nji ýylda Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine:

okuwa kabul etmegi 2020-nji ýylyň 6-njy iýuly — 15-nji awgusty aralygynda guramak;

okuwa kabul etmek boýunça giriş synaglaryny ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerinde geçirmek tabşyryldy.

* * *

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi we ýerli edaralary, şeýle hem ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary üçin dünýä ülňüleriniň talaplaryna laýyk gelýän döwlet ýolbaşçylaryny we döwlet gullukçylaryny taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2020-2021-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň döwlet edaralarynyň gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamak boýunça okuwlaryna (okuwyň möhleti iki okuw ýyly) diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy;

2020-2021-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň döwlet edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlaryna (okuwyň möhleti bäş aý) diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy;

2020-2021-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň täjirçilik arbitražy boýunça döwlet gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlaryna (okuwyň möhleti dört aý) diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy;

2020-2021-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça okuwlaryna (okuwyň möhleti iki aý) diňleýjileri kabul etmegiň meýilnamasy;

2020-2021-nji okuw ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň okuwlaryna diňleýjileri kabul etmek boýunça giriş synaglaryny guramagyň tertibi tassyklanyldy.