Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gülläp ösmeginde we özgertmeleri amala aşyrmakda
zenanlarymyzyň bitirýän uly hyzmatlaryny, Watanymyza wepaly, sagdyn, ruhubelent
nesilleri terbiýeläp ýetişdirýändiklerini nazara alyp, şeýle hem
ata-babalarymyzyň mähriban enelerimize, eziz uýalarymyza hormat goýmak baradaky
asylly däplerini dowam etdirmek we «Halkara zenanlar güni mynasybetli
ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna pul sowgatlaryny bermek hakynda» Türkmenistanyň
Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 27-nji fewralynda çykaran 1152-nji Kararyny ýerine
ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama
laýyklykda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda, edaralarda we
guramalarda işleýän aýal-gyzlara, pensiýa, döwlet kömek puluny alýan
aýal-gyzlara, önümçilikden aýrylmak şerti bilen aspiranturada, doktoranturada
we kliniki ordinaturada okaýan aýal-gyzlara, Türkmenistanyň Prezidentiniň
ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň iki okuw ýylyndan az bolmadyk möhletli
okuwlarynyň diňleýji aýal-gyzlaryna, talyp gelin-gyzlara, orta mekdeplerde
okaýan we mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän gyzlara 2025-nji
ýylyň 1 – 6-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara
zenanlar güni mynasybetli 60 (altmyş) manat möçberde pul sowgadyny dabaraly
ýagdaýda gowşurmak bellenildi.