Türkmen halkynyň milli baýlygy we
buýsanjy bolan behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak
maksady bilen, şeýle hem «Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli
bäsleşikleri geçirmek hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2012-nji ýylyň
16-njy noýabrynda çykaran 12657-nji Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň
Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmen bedewiniň milli
baýramy mynasybetli Arkadag şäherinde 2025-nji ýylyň 26-njy aprelinde ahalteke
atlarynyň halkara gözellik bäsleşigini hem-de olaryň gözelligini şekillendiriş
we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda,
teleýaýlymlarda çeper beýan etmek ugrunda suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň,
halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň,
dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda bäsleşikleri geçirmek bellenildi
hem-de şol bäsleşikleri geçirmek boýunça eminler toparynyň düzümi
tassyklanyldy.