Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň bilim syýasatyny üstünlikli
durmuşa geçirmek, ýaş nesilleriň döwrebap bilim-terbiýe almagy we innowasion
tehnologiýalardan baş çykarýan, giň gözýetimli hünärmenler bolup ýetişmegi üçin
amatly şertleri döretmek, şeýle hem ýurdumyzyň umumy orta bilim berýän
mekdeplerine 2025-2026-njy okuw ýylynda 1-nji synpa okuwa kabul edilýän
okuwçylara noutbuk kompýuterlerini sowgat bermek maksady bilen, Türkmenistanyň
Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Bilim ministrligine
Türkmenistanda öndürilen degişli mukdardaky noutbuk kompýuterlerini satyn
almak, 2025-nji ýylyň 1-nji awgustyna çenli bilim edaralarynda gurnamak hem-de
olara tehniki hyzmat etmek barada «Agzybirlik tilsimaty» bilelikdäki kärhanasy
we «Aýdyň gijeler» hojalyk jemgyýeti bilen şertnamalary baglaşmaga ygtyýar
berildi.