milli goshun logo
Resmi habar
Resmi habar
10.03.2025 185 Habarlar

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» we «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022 – 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» öňde goýlan wezipelere laýyklykda hem-de Türkmenistanyň daşary ykdysady işini mundan beýläk-de ösdürmek üçin halkara we sebitleýin maliýe institutlary bilen işjeň hyzmatdaşlygy ilerletmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň daşary ykdysady işini mundan beýläk-de ösdürmek, ykdysady ugurly halkara guramalar, maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlygy ilerletmek babatda resminamalaryň taslamalaryny işläp düzmek boýunça pudagara topar döredildi we bu toparyň düzümi, şeýle hem topar hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.