Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli
geçiriljek döwlet çärelerine gowy taýýarlyk görmek we olary ýokary derejede
geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama
laýyklykda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli
dabaralary we çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk topary
döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy. Degişli ministrlikler, pudaklaýyn
dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň
häkimlikleri Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli
dabaralary we çäreleri ýokary derejede guramaçylykly geçirmegi üpjün etmäge
borçly edildi.