milli goshun logo
«Raytheon» kompaniýasynyň kämilleşdirilen lazer ýarag ulgamy
«Raytheon» kompaniýasynyň kämilleşdirilen lazer ýarag ulgamy
19.08.2019 2234 Tehnologiýa

«Raytheon» kompaniýasynyň «HELWS» lazer ýaragy dronlary ýüze çykarmak we täsirsiz ýagdaýa getirip, ony bada-bat ýere gondurmak üçin niýetlenendir. Ol tebigy ýangyçdan däl-de, arassa Gün energiýasyndan peýdalanýar.

Ýarag bir sany uçary anyk takyklykda nyşana alyp bilýär. «HELWS» lazer ýaragy «Raytheon» kompaniýasynyň multi-spektral nyşana alyjy ulgamy bilen birleşdirilendir. Bu ýaragyň garşydaşyň uçarmansyz uçarlaryny ýok etmek üçin görünmeýän şöhleleri ulanmak aýratynlygy hem bar. Ýaragyň ähli aýratynlyklaryndan peýdalanyp, ony meýdan şertlerinde bökdençsiz ulanyp bilmek üçin «Polaris MRZR» awtoulagynyň üstüne ýerleşdirildi.

«Milli goşun».