milli goshun logo
«PETRONAS» bilen hyzmatdaşlyk ösdürilýär
«PETRONAS» bilen hyzmatdaşlyk ösdürilýär
15.05.2025 81 Habarlar

Düýn – 14-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Malaýziýanyň «PETRONAS» kompaniýasynyň wekilleri – kompaniýanyň ýolbaşçysy Tan Şri Tengku Muhammad Taufik, Ýerine ýetiriji wise-prezidenti Mohd Jukris Abdul Wahab, halkara aktiwler boýunça wise-prezidenti Mohd Redhani Abdul Rahman bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda «PETRONAS» kompaniýasynyň Türkmenistanyň köp ýyllardan bäri ygtybarly we ynamdar hyzmatdaşy hökmünde ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda alyp barýan netijeli işi aýratyn nygtaldy. Milli Liderimiz ýurdumyzyň «PETRONAS» bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmekde diňe häzirki wagtda durmuşa geçirilýän taslamalary däl-de, eýsem, Türkmenistanda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady ösüş maksatnamalarynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň täze ugry bolan senagat pudagyndaky iri taslamalary hem göz öňünde tutýandygyny belledi.