milli goshun logo
Paýtagtymyzda Ýewraziýa toparyna agza döwletleriň parlament agzalarynyň V forumy geçirildi
Paýtagtymyzda Ýewraziýa toparyna agza döwletleriň parlament agzalarynyň V forumy geçirildi
18 sagat öň 25 Habarlar

Şu gün paýtagtymyzda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna we terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek boýunça Ýewraziýa toparyna agza döwletleriň parlament agzalarynyň V forumy geçirildi. Ýewraziýa toparynyň 44-nji umumy mejlisiniň çäklerinde geçirilen forum “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany” ýylynyň wakalarynyň üstüni ýetirdi.

Häzirki döwürde ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmaga we terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy hereket etmegiň milli ulgamynyň netijeli işiniň üpjün edilmegi, onuň pudagara derejedäki, degişli düzümleriň görnüşindäki işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagy ugrunda zerur tagallalar edilýär. Şunda bar bolan wezipeleri çözmekde diňe bir kanunçylyk taýdan däl, eýsem, düýpli özgertmeleri amala aşyrmak esasynda hereket edilmegine döwlet derejesinde ähmiýet berilýär.

Forumyň çäklerinde Ýewraziýa toparyna agza döwletleriň tehniki ýardam bermek boýunça iş toparynyň mejlisi boldy. Onuň dowamynda Ýewraziýa toparyna agza ýurtlaryň terrorçylyga we ony maliýeleşdirmäge garşy göreşmekde alyp barýan işlerine garaldy hem-de terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy göreşmek bilen bagly ulgamdaky meseleleriň wajyp ugurlary kesgitlenildi. Mejlisiň işine Ýewraziýa toparyna agza döwletleriň wekiliýetleri gatnaşyp, onuň dowamynda jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileri kanunlaşdyrmak, terrorçylygy maliýeleşdirmäge garşy göreşmek baradaky meseleler babatda pikir alyşmalar boldy.

Soňra parlament agzalary hem-de wekiliýet ýolbaşçylary paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp gördüler. Bu ýerde muzeýiň işgärleri myhmanlara türkmen halylarynyň taryhy, dokalyş aýratynlyklary, reňk sazlaşygy barada gürrüň berdiler. Şeýle hem myhmanlar ýurdumyzyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde boldular. Halkara forumyň medeni maksatnamasyna laýyklykda guralan gezelenç myhmanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Olar saparyň çäklerinde döredilen mümkinçilikler we türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyklaryny beýan etdiler.