milli goshun logo
Paýtagtymyzda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) XXVII opera günleri mynasybetli dabaraly konsert geçirildi
Paýtagtymyzda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) XXVII opera günleri mynasybetli dabaraly konsert geçirildi
14 sagat öň 24 Habarlar

Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) XXVII opera günleri mynasybetli dabaraly konsert geçirildi. Onda Türkmenistanyň, Türkiýe Respublikasynyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň opera sungatynyň ussatlary çykyş etdiler. Bu çäre hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda medeniýet ulgamynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň uly üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Konsert Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň we Döwlet horunyň ýerine ýetirmeginde Weli Muhadowyň sazyna döredilen «Türkmenistan — bagy-bossan» atly aýdym bilen açyldy. Onda berkarar döwletimiziň gözel keşbi, owadan tebigaty, halkymyzyň abadan durmuşy çeper beýan edilýär. Aýdym tomaşaçylarda uly ruhubelentlik duýgusyny döretdi. Konsertiň dowamynda dünýäniň we türki dünýäniň nusgawy opera sungatynyň naýbaşy eserleri ýerine ýetirildi. Sahna ussatlary, belli dirižýorlar tarapyndan türkmen, özbek, gyrgyz, azerbaýjan, gazak we türk dillerindäki milli operalardan bölekler, dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna öwrülen «Romeo we Julýetta», «Paýasy», «Ykbalyň güýji», «Trubadur», «Karmen», «Faust», «Andre Şenýe», «Granada» ýaly italýan, fransuz, nemes, ispan dillerindäki meşhur ariýalardyr aýdymlar ýokary çeperçilik derejesinde ýerine ýetirildi. Çykyşlar tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar bu çäräni geçirmek babatda döreden giň mümkinçilikleri hem-de beren goldawlary üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.