milli goshun logo
Paýtagtymyzda syýahatçylyk pudagyna bagyşlanan halkara forum geçirilýär
Paýtagtymyzda syýahatçylyk pudagyna bagyşlanan halkara forum geçirilýär
13 sagat öň 21 Habarlar

Şu gün paýtagtymyzda «Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty öz işine başlady. Forumyň maksady Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri bilen giňden tanyşdyrmakdan, halkara kompaniýalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekden hem-de degişli ugurda öňdebaryjy tejribeleri we usullary öwrenmekden ybaratdyr.

Serginiň açylyş dabarasyna Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, daşary ýurtlaryň syýahatçylyk boýunça döwlet düzümleriniň we kompaniýalarynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Söwda-senagat edarasynyň öňünde baýramçylyk öwüşgininde bezelen meýdançada döredijilik toparlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Dabarada hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisine we maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagy okaldy. Gutlagda nygtalyşy ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagynda alnyp barylýan giň gerimli işler barha rowaçlanýar. Hemişelik Bitarap Türkmenistan bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berýär.

BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy, Syýahatçylyk şäherleriniň bütindünýä federasiýasy, daşary ýurtlaryň syýahatçylyk kärhanalary bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk pudagyň ösüşinde täze mümkinçilikleri açýar. Syýahatçylyk sergisiniň we maslahatynyň geçirilmegi bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyň binýadynyň has-da berkidilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.