Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ÝUNESKO-nyň işleri
barada Türkmenistanyň milli toparynyň, Türki medeniýetiniň we mirasynyň
gaznasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň bilelikde
guramagynda «Mahmyt Kaşgarlynyň Diwany lugat at-türk atly eserinde
parahatçylygyň we ynanyşmagyň orny» atly utgaşykly görnüşdäki halkara ylmy
maslahat geçirildi.
Maslahata Türki medeniýetiniň we mirasynyň gaznasynyň taslama dolandyryjysy
Leýla Hasanowa, Türkmenistanyň Gahrymany, ÝUNESKO-nyň işleri barada
Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, filosofiýa ylymlarynyň
kandidaty Çynar Rüstemowa, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly
adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň direktory Dawut
Orazsähedow, şeýle hem ýurdumyzyň alymlary we ylmy işgärleri gatnaşdylar.
Bulardan başga-da maslahata sanly ulgam arkaly Azerbaýjanyň, Türkiýäniň,
Gazagystanyň, Eýranyň, Özbegistanyň, Hindistanyň we Moldowanyň alymlarydyr ylmy
işgärleri gatnaşdylar.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Mahmyt Kaşgarly Gündogar edebiýatynyň iň
görnükli alymlarynyň biridir. Ol dünýä derejesinde ykrar edilen şahsyýetleriň
biri bolmak bilen, ylym äleminde nur saçýan ýyldyz hasaplanýar. Bu dilçi alymyň
«Diwany lugat at-türk» («Türki dilleriň diwany») atly meşhur eseri häzirki
döwürde dünýä ýüzünde çuňňur öwrenilýär. Dil hazynasynyň göwheri hasaplanýan
«Diwany lugat at-türk» atly sözlügi düzmek ussadyň köp wagtyny alypdyr. Mahmyt
Kaşgarly bu işi ýazmak üçin köp ýerlere syýahat edip, örän köp möçberde
maglumat toplapdyr. Ol ýerlerde ýaşaýan halklaryň dillerini, gepleşiklerini
düýpli öwrenipdir.
Türkmenistanyň Gahrymany, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli
toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rüstemowanyň çykyşynda belleýşi ýaly, Mahmyt
Kaşgarly – hormaty, sarpasy barha artýan şahsyýet, onuň «Diwany lugat at-türk»
atly eseri bolsa ylym dünýäsiniň şöhle saçýan göwher gaşydyr.