Şu gün paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynda
“Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi açyldy.
Ählumumy ösüş ýurtlaryň arasynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk
bilen aýrylmaz baglydyr. Halklaryň hoşniýetli gatnaşyklary, dost-doganlyk,
ynanyşmak ýörelgeleriniň berkligi özara bähbitli hyzmatdaşlyk gurşawyny emele
getirmekde esasy gymmatlyklardyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe Türkmenistan hemişelik Bitarap döwlet hökmünde dünýä ýurtlary bilen
dost-doganlyk gatnaşyklaryny ilerledip, sebitdäki we ählumumy ösüşe mynasyp
goşant goşýar.
Sergä ýurdumyzyň we daşary döwletleriň iri kärhanalarynyň
100-e golaýy öz diwarlyklary bilen gatnaşýar. Onuň açylyş dabarasy döredijilik
toparlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna beslendi. Dabara Hökümet agzalary,
Mejlisiň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary
döwletleriň hem-de halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik
wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş
serişdeleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
“Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergä gatnaşyjylara iberen
Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler.
Halkara gözden geçirilişe gurluşyk senagatynda iş alyp
barýan köp sanly kärhanalar gatnaşýar. Munuň özi ýurdumyzyň ähli künjegini
gurşap alan iri özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişine ýurdumyzyň
we daşary döwletleriň işewürler jemgyýetçiliginde gyzyklanmanyň uludygyny
görkezýär. Açylyp ulanmaga berlen, öňdebaryjy kompaniýalaryň ýokary
öndürijilikli enjamlary bilen enjamlaşdyrylan iri senagat kärhanalary,
medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalar Diýarymyzda amala aşyrylýan
özgertmeleriň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň güwäsidir. Munuň özi
Watanymyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulmagyna kuwwatly itergi
berýär.
Şähergurluşyk pudagynda ýetilen sepgitler Türkmenistanyň at
gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyzyň ady we beýik işleri bilen aýrylmaz
baglanyşyklydyr. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň döredijilik zehini ilatyň
durmuş derejesini ýokarlandyrmaga, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny
pugtalandyrmaga gönükdirilen döwlet syýasatynyň durmuş ugurlydygynyň
görkezijisi bolan ägirt uly gurluşyk taslamalarynda öz beýanyny tapýar. Merkezi
Aziýa sebitinde ilkinji “akylly” şäher bolan Arkadag şäheri ýurdumyzyň we
dünýäniň şäher gurluşygynyň ajaýyp üstünligidir. Öňdebaryjy binagärlik-gurluşyk
çözgütleriniň, iň täze sanly tehnologiýalaryň sazlaşykly utgaşdyrylmagynyň
nusgasy bolan bu şäher Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň
döredijilik kuwwatynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
Sergä Türkiýe Respublikasyndan köp sanly kompaniýalar
gatnaşýar. Şolaryň hatarynda elektrik, yşyklandyryş, kabel, alýumin,
santehnika, kauçuk we beýleki gurluşyk serişdelerini öndürýän kärhanalary
görkezmek bolar. Birnäçe kompaniýa bolsa köp gatly desgalar üçin liftleri
öndürmekde, suw arassalamakda, damjalaýyn suwaryş ulgamlaryny gurnamakda, demir
we polat enjamlary işläp taýýarlamakda bar bolan mümkinçilikleri bilen
tanyşdyrýar.
Hytaý Halk Respublikasyndan onlarça kompaniýa elektrik
enjamlaryň, gurluşyk serişdeleriniň eksporty babatda, senagat we gurluşyk
gurnamalaryny getirmekde hyzmatlaryny hödürleýär. Köpugurly gözden geçirilişe
dostlukly döwletiň agaç, mebel önümçiligi bilen meşgullanýan, binalar üçin
dürli bezeg we howpsuzlyk serişdelerini öndürýän, “akylly” şäher gurşawy üçin
döwrebap çözgütleri işläp taýýarlaýan kärhanalary hem gatnaşýarlar. Bu ýerde
Hytaýda öndürilen awtoulaglaryň dürli görnüşleri, şäherleriň jemagat
hojalyklary üçin zerur bolan tehnikalaryň kuwwatlyklary bilen hem ýakyndan
tanyşmak mümkin.
Azerbaýjandan, Awstriýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden,
Germaniýadan, Italiýadan, Russiýadan, Özbegistandan gelen wekiller howalandyryş
ulgamlary üçin enjamlary, elektrik hereketlendirijileri, panelleri, beýleki
senagat önümlerini öndürmek, asfalt öndürýän zawodlaryň gurluşygy, kärhanalaryň
we şäherleriň elektrik üpjünçiligi, awtoulag hyzmatlary babatda bar bolan
mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýarlar.
Gurluşyk serişdelerini öndürýän pudak döwlet tarapyndan
giňden goldanylyp, oňa ýurdumyzyň sebitleriniň ykdysady kuwwatyny
pugtalandyrmakda, ýerli ilatyň iş bilen üpjünçilik meselelerini çözmekde esasy
pudaklaryň biri hökmünde garalýar. Häzirki döwürde pudagyň kärhanalary importyň
ornuny tutýan, halkara hil standartlaryna laýyk gelýän önümleriň dürli görnüşlerini,
şol sanda sementi, diwarlyk panelleri, armirlenen bloklary, keramzit, gurnama
demirbeton önümlerini, bişen kerpiçleri, örtük plitalaryny öndürýärler hem-de
Türkmenistanyň barha giňeýän gurluşyk bazaryny bu önümler bilen üpjün edýärler.
Sergä ýurdumyzyň bu ugurda üstünlikli iş alyp barýan köp sanly işewürleri
gatnaşýarlar.
Häzirki döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde öňdebaryjy
enjamlar bilen üpjün edilen desgalar, döwrebap edara ediş binalary, amatly
ýaşaýyş jaýlary, iri önümçilik kärhanalary gurlup ulanmaga berilýär. Olaryň
gurluşygynda ýerli howa şertlerine, ekologik kadalara gabat gelýän ýokary hilli
serişdeler ulanylýar. Daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan,
eksport ugurly önümleriň öndürilýän möçberini artdyrmak boýunça öňde goýlan
wezipelere laýyklykda, içerki bazary ýerli çig malyň esasynda öndürilýän
gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berilýär.
Türkmenistanda öndürilýän önümleriň ýokary hilini, bäsdeşlige ukyplylygyny
gazanmak maksady bilen, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli
pugtalandyrylýar, döwrebap kärhanalar gurulýar. Häzirki wagtda gurluşyk-senagat
toplumynyň kuwwaty ýaşaýyş jaýlaryny gurmak, sebitleri özgertmek,
senagatlaşdyrmak, senagat we ulag düzümini ösdürmek boýunça kabul edilen döwlet
maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine gönükdirilendir. Soňky ýyllardaky köp
sanly taslamalaryň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň
agzalary bolan hususy kärhanalar tarapyndan amala aşyrylýandygyny
bellemelidiris. Ýurdumyzyň işewür toparlarynyň wekilleri toplumlaýyn
maksatnamalara işjeň gatnaşyp, Watanymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalanmagyna
mynasyp goşant goşýarlar.
Türkmen telekeçileri döwlet tarapyndan döredilýän giň
mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün
edilen kärhanalarda öndürilen ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleriň
eksportyny yzygiderli artdyrýarlar, halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy
ösdürmäge gatnaşýarlar. Köpugurly sergide elektron enjamlary, mebelleri,
plastmas, polipropilen, haly önümlerini, aýakgap öndürýän kärhanalar öz
önümlerini görkezýärler. Oňa ulag-logistika, dürli çäreleri guramak ulgamynda
hyzmatlary hödürleýän, awtoulaglar üçin çalgy ýaglaryny, suwuklyklary öndürýän
kompaniýalaryň gatnaşýandygyny hem bellemek gerek.
Gözden geçirilişiň çäklerinde kärhanalaryň önümleriniň,
toplan öňdebaryjy tejribeleriniň, täze taslamalarynyň tanyşdyrylyş dabaralaryna
giň orun berilýär. Olarda ýurdumyzyň döwlet we hususy düzümleri tarapyndan
öndürilýän täze önümler tanyşdyrylýar. Şeýle hem degişli ugurlarda daşary
ýurtly işewürleriň toplan tejribeleri sergä gatnaşyjylaryň çuňňur
gyzyklanmasyna eýe bolýar. Munuň özi serginiň diňe bir özara bähbitli
hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin däl, eýsem, önümçilik, hyzmatlar ulgamynda bilimleri
artdyrmak, täze işewürlik başlangyçlaryny ilerletmek üçin giň mümkinçilikleri
özünde jemleýän ähmiýetli çäre bolup durýandygyny hem aýdyň görkezýär.
Şeýlelikde, “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara
sergi ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny dünýä giňişliginde mahabatlandyrmakda,
halkara işewürlik giňişliginiň möhüm merkezleriniň biri hökmünde paýtagtymyzyň
eýeleýän ornuny berkitmekde ähmiýetli çärä öwrüler. Köpugurly sergi 4-nji
aprelde öz işini tamamlar.