Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda
«Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň guramagynda «Türkmenistanyň
nebiti we gazy — 2025» atly XXX halkara maslahat we sergi öz işine başlady.
...Forumyň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, pudaklaýyn
dolandyryş edaralarynyň, abraýly halkara guramalaryň we daşary döwletleriň
ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, belli nebitgaz kompaniýalarynyň,
maliýe edaralarynyň hünärmenleri, bilermenler, jemgyýetçilik guramalarynyň,
köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, daşary ýurtly myhmanlar we
beýlekiler gatnaşdylar.
Dabarada hormatly Prezidentimiziň foruma gatnaşyjylara
iberen Gutlagy okaldy.
Soňra foruma gatnaşyjylar bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergi
bilen tanyşdylar. Sergide ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň, ýerli kärhanalaryň, dünýäniň öňdebaryjy nebitgaz kompaniýalarynyň
diwarlyklary ýerleşdirildi.
Hytaýyň «CNPC» kompaniýasynyň diwarlygynda tebigy gazy
çykarmak hem-de ibermek üçin integrirlenen çözgütler, kompressor stansiýalary
bilen baglanyşykly tehnologiýalar, sebit infrastrukturasynyň çäklerindäki
bilelikdäki taslamalar tanyşdyrylýar.
«ERCIYAS» kompaniýasynyň ekspozisiýasynda nebitgaz
pudagynda ulanylýan turbalaryň dürli görnüşleri görkezilýär.
Italiýanyň «Eni» kompaniýasy nebit bilen çykýan ugurdaş
gazy almak ulgamynda innowasiýalar, suwuklandyrylan gaz önümçiligindäki
taslamalar hem-de gaýtadan işleýän desgalaryň energetika taýdan netijeliligini
ýokarlandyrmak boýunça çözgütler bilen tanyşdyrýar.
«Baker Hughes» kompaniýasynyň diwarlygynda energetika we
senagat ulgamlaryndaky innowasion tehnologiýalar hem-de çözgütler bilen
tanyşdyrylýar.
Ýaponiýanyň «Sumitomo Corporation» kompaniýasy gazy
gaýtadan işlemek üçin enjamlar, nebithimiýa senagaty üçin tehnologiýalar, şeýle
hem gaýtadan işleýän desgalarda tehnologik prosesleri oňaýlaşdyrmak boýunça
çözgütler bilen tanyşdyrýar. «Dragon Oil» kompaniýasynyň diwarlygynda bolsa
kenarýaka ýataklarynda ulanylýan tehnologiýalar bilen tanyşdyrylýar.
«PETRONAS» kompaniýasy energiýa önümçiliginde uglerod
yzyny peseltmek hem-de sanly özgertmeler boýunça taslamalar bilen tanyşdyrýar.
«Yug-Neftegaz» kompaniýasynyň diwarlygynda geofizika hem-de nebitgaz
ýataklarynyň seýsmiki barlagy boýunça çözgütler we öňdebaryjy usullar, «PSS» we
«Ekohim» kompaniýalarynyň diwarlyklarynda bolsa uglewodorod guýulary üçin
enjamlardyr hyzmatlar tanyşdyrylýar.
«Rosen Group» kompaniýasy turba geçirijilere gözegçilik
etmek we olary arassalamak boýunça tehnologiýalar, ýerasty we ýerüsti ulgamlaryň
ýagdaýyna baha bermek boýunça çözgütler bilen tanyşdyrýar. Abu-Dabiniň milli
nebit kompaniýasynyň (ADNOC) diwarlygynda maýa goýum platformalaryna, şeýle hem
nebithimiýa ulgamyndaky taslamalara üns çekilýär.
Sergide türkmen kompaniýalary hem nebitgaz, logistika we
hyzmatlar pudaklarynda alyp barýan işleri bilen tanyşdyrýarlar. Şolaryň
hatarynda «Türkmen Gala», «Gujurly Inžener», «Garagum hazynasy» kompaniýalaryny
görkezmek bolar. «Ýaşyl dünýä» hususy kärhanasy nebitgaz guýulary üçin dürli
enjamlary getirmek we gurnamak hyzmatlaryny amala aşyrýar. «Nurly Tolkun»
hususy kärhanasy we «Söwda gurluşyk maslahat» hojalyk jemgyýeti nebit
platformalaryna hyzmat etmek, enjamlary gurnamak babatda hödürleýän işleri
bilen tanyşdyrýar. «Beýik Ýüpek ýoly», «Hazar logistika» kompaniýalarynyň
diwarlyklarynda dürli ýükleri, şol sanda nebit önümlerini daşamak boýunça amala
aşyrylýan hyzmatlar bilen tanyşdyrylýar. «Asuda akym» hojalyk jemgyýetiniň
diwarlygynda dürli çalgy ýaglary, antifrizler görkezilýär. «Nurly Deňiz Tumary»
kompaniýasy serginiň myhmanlaryny turba geçirijilere hem-de enjamlara
gözegçilik we hyzmat etmek üçin awtomatlaşdyrylan ulgamlar we usullar bilen
tanyşdyrýar.
Günüň ikinji ýarymynda forum «Energiýa. Innowasiýalar.
Ösüş» şygary astynda geçýän halkara maslahat bilen öz işini dowam etdi.
«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda ählumumy
energiýanyň geljegini şekillendirmek — innowasiýa, energetiki geçiş we
strategik hyzmatdaşlyk» atly plenar mejlisde Türkmenistanyň Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, «ENOC» we «Dragon Oil» kompaniýalarynyň
başlygy, Özbegistanyň energetika ministri, Azerbaýjanyň energetika ministriniň
orunbasary, «PETRONAS» kompaniýasynyň ýerine ýetiriji wise-prezidenti, Halkara
Gaz Bileleşiginiň prezidenti we beýlekiler çykyş etdiler.
Mejlisiň dowamynda daşky gurşawa kömürturşy gazynyň
zyňyndylaryny azaltmak, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de umumy
energetikada gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň paýyny artdyrmak bilen
baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda ýangyç-energetika toplumynyň
ösüşiniň uglerod yzyny peseltmek boýunça maksatnamalar bilen sazlaşykly
utgaşmagyny üpjün edýän deňagramly çemeleşmäniň zerurdygy bellenildi.
Çykyşlarda tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan
Türkmenistanyň energetika howpsuzlygyny üpjün etmekde we energiýa
serişdeleriniň eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmakda eýeleýän orny aýratyn
nygtaldy. Çykyş edenler ýurdumyzyň tebigy baýlyklaryň uly gorlaryna eýe
bolmagynyň strategik meýilnamalaşdyryş we halkara hyzmatdaşlyk üçin berk
binýady döredýändigini bellediler.
Türkmen tarapynyň çykyşlarynda nygtalyşy ýaly, Gahryman
Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de sebitiň döwletleriniň doganlyk halklarynyň
abadançylygyna gönükdirilen Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan
gaz geçirijisiniň taslamasy bu ulgamy ösdürmäge saldamly goşant bolup durýar.
«Türkmen tebigy gazynyň artýan orny: eksport ugurlarynyň
giňeldilmegi we energetika geçişine itergi bermek» atly plenar mejlisde eksport
we logistika mümkinçiliklerini artdyrmak meselelerine üns çekildi. Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň dostluk we
Çykyş edenleriň hatarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň
nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi, «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy,
«Socar» nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysy, «Botaş» kompaniýasynyň Baş direktory,
«PETRONAS» kompaniýasynyň wise-prezidenti, «ADNOC» kompaniýasynyň işewürligi
ösdürmek boýunça direktory we beýlekiler bar.
Mejlise gatnaşyjylar turba geçiriji infrastrukturany,
suwuklandyrylan gaz önümçiligini hem-de nebithimiýa senagatyny ösdürmek arkaly
Türkmenistanyň tebigy gaz eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmagyň
strategiýalaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
«Energetiki geçiş üçin çig mal serişdeleri: maýa goýumlar
üçin täze mümkinçilikler» atly mowzuklaýyn mejlisde maýa goýumlar we
innowasiýalar arkaly Türkmenistanyň energetika we nebithimiýa pudaklaryny
döwrebaplaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Maýa goýumlary hem-de innowasiýalary çekmek ara alnyp
maslahatlaşylan esasy meseleleriň biri boldy. Öňdebaryjy kompaniýalaryň
wekilleri hem-de bilermenler Türkmenistanyň energetika we nebithimiýa
pudaklaryny döwrebaplaşdyrmagyň mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.
Şeýle hem mejlisiň dowamynda iň täze geologiýa
maglumatlary we geljegi uly maýa goýum taslamalary tanyşdyryldy.
Maslahatyň dowamynda resmi däl söhbetdeşlikler hem
geçirildi. Türkmenistanda işleýän öňdebaryjy halkara nebitgaz kompaniýalarynyň
ýolbaşçylary dünýäniň strategik taýdan iň ähmiýetli energetika bazarlarynyň
birinde iş alyp barmagyň mümkinçilikleri barada öz garaýyşlaryny beýan etdiler.
Şeýle hem türkmen kompaniýalary bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola
goýmak we taslamalary durmuşa geçirmek babatda tejribe paýlaşdylar.
Forum 23-nji oktýabrda öz işini mowzuklaýyn mejlisler bilen dowam eder.