Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň
daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň
başlangyjy boýunça aýratyn ähmiýetli çäre — «Parahatçylyk we ynanyşmak: yslam
dünýäsinde agzybirligiň we durnuklylygyň esaslary» atly “tegelek stol”
maslahaty geçirildi. Çärä jemi 100-e golaý wekil gatnaşdy. Şolaryň hatarynda
Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň Daşary işler ministrlikleriniň,
abraýly halkara guramalaryň, ylmy-barlag merkezleriniň, diplomatik
wekilhanalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, tanymal syýasatşynaslar, žurnalistler
bar.
“Tegelek stol” maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň diňe bir ýurdumyzyň milli bähbitlerine laýyk gelmän, eýsem, sebit we ählumumy ölçeglerde hem howpsuzlygy, durnuklylygy berkitmekde, parahatçylygy üpjün etmek üçin täsirli gural bolup çykyş edýändigi bellenildi. Çärä gatnaşyjylaryň nygtaýşy ýaly, Türkmenistan oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruny yzygiderli durmuşa geçirmek bilen, ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga aýratyn goşant goşýar.