2025-nji ýylyň 25-nji iýuny — 4-nji iýuly
aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň
mehanizasiýasynyň inženerleri institutynyň talyplary S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde tejribelik geçýärler.
Mälim bolşy ýaly, 2018-nji ýylyň 23-nji
aprelinde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Daşkent
irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasynyň inženerleri institutynyň
arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi. Onuň çäklerinde
guralýan tejribelige hyzmatdaş ýokary okuw mekdebiniň gidromeliorasiýa
fakultetiniň 1 mugallymy, 5 talyby hem-de oba hojalygynyň mehanizasiýasy
fakultetiniň 1 mugallymy, 10 talyby ýurdumyza gelip, Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň umumy ýaşaýyş jaýynda ýerleşdi.
Saparyň ilkinji güni myhmanlar S.A.Nyýazow
adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen tanyşdyryldy. Ertirden başlap
olar professor-mugallymlarymyzyň umumy sapaklaryna gatnaşarlar, ugurdaş
edara-kärhanalara, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara
ylmy-tehnologiýa parkyna, Oba hojalyk ministrliginiň Döwlet merkezi botanika
bagyna, uniwersitetiň Okuw-tejribe hojalygyna baryp görerler. Şeýle-de goňşy
döwletden gelen myhmanlar üçin medeni-dynç alyş maksatnamasy taýýarlanyldy.
Tejribelik geçýänler onuň çäklerinde paýtagtymyzdaky «Daşkent» seýilgähine hem
baryp görerler.
Ýola goýlan hyzmatdaşlygyň çäklerinde
2025-nji ýylyň 6 — 17-nji iýuly aralygynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň gidromeliorasiýa fakultetiniň 1 mugallymyny, 10
talybyny hem-de oba hojalygynyň mehanizasiýasy fakultetiniň 1 mugallymyny, 10
talybyny Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasynyň inženerleri
institutynda tejribelik geçmäge ugratmak meýilleşdirilýär.