milli goshun logo
Özara bähbitli hyzmatdaşlyk dabaralanýar
Özara bähbitli hyzmatdaşlyk dabaralanýar
01.03.2025 215 Habarlar

Düýn – 28-nji fewralda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa boýunça wise-prezidenti hanym Antonella Bassani, bankyň Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin direktory hanym Tatýana Proskurýakowa, Halkara maliýe korporasiýasynyň Merkezi Aziýa we Türkiýe boýunça sebitleýin direktory hanym Wibke Şlýomer bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ykdysady ösüş strategiýasynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, hususan-da, abraýly maliýe guramalary, bank-karz düzümleri bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek möhüm orny eýeleýär. Gahryman Arkadagymyz bu ugurda Türkmenistan bilen Bütindünýä bankynyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini belläp, geçen ýyllaryň dowamynda bu bankyň saglygy goraýyş, bilim, ulag, aragatnaşyk, energetika ýaly pudaklarda ýurdumyzyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üçin uly ähmiýete eýe bolan birnäçe taslamalary maliýeleşdirmäge gatnaşandygyny nygtady.