milli goshun logo
Orta mekdeplerde «Soňky jaň» dabaralary
Orta mekdeplerde «Soňky jaň» dabaralary
12 sagat öň 20 Habarlar

Düýn 2025-2026-njy okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli ýurdumyzyň ähli umumybilim berýän orta mekdeplerinde «Soňky jaň» dabarasy geçirildi. Bu dabara mekdebi tamamlaýan oglan-gyzlaryň on müňlerçesi üçin täze durmuşyň başlangyjyny alamatlandyryp, ýakymly we tolgundyryjy pursatlara beslendi. Dabaranyň Aşgabat şäheriniň güni bilen utgaşmagy onuň şowhunyny has-da artdyrýar.

Asylly däbe görä, ir bilen mekdepleriň uçurymlary, bilim ulgamynyň işgärleri Watanymyzyň özygtyýarlylygynyň, berkararlygynyň nyşany bolan Garaşsyzlyk binasyna, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebindäki we Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki Berdimuhamet Annaýew adyndaky 27-nji orta mekdepdäki Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärligine gül desselerini goýdular. Şeýle hem welaýatlaryň baýdak meýdançalarynda gül goýmak dabaralary boldy.

“Bilim asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli buýsanjymyzyň gözbaşydyr, abraý-mertebämiziň dünýä dolan belentligidir, abadançylygymyzyň we beýik ösüşlerimiziň sarsmaz binýadydyr. Bilim arkaly biz ajaýyp geljegimizi gurýarys, belent maksatlarymyzy amala aşyrýarys, ylymly-bilimli hem-de Watana wepaly nesilleri terbiýeleýäris. Şoňa görä-de, Garaşsyz ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuşynda özboluşly orun tutýan «Soňky jaň» dabarasy mynasybetli mähriban uçurymlarymyzy durmuş ýolunda täze menzillere, belent maksatlara ruhlandyrýan dabaralary giňden ýaýbaňlandyrýarys” diýip, hormatly Prezidentimiz belleýär. Gutlagda nygtalyşy ýaly, gözel Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, berkarar döwletimiziň ähli şäherdir obalarynda geçirilýän baý mazmunly çäreler «Soňky jaň» dabarasynyň jemgyýetçilik durmuşymyzda tutýan ornuny has-da ýokarlandyrýar. Belent döredijilik ruhuna ýugrulan bu dabaralar Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzyň döwrebap bilimleri we ylymlary ele almaklary, zehin-başarnyklaryny kesp-hünärlere, zähmete gönükdirmekleri, mugallymlaryň döredijilikli işlemekleri üçin ýurdumyzda amala aşyrylýan nusgalyk işleri bütin dünýä aýan edýär.

«Soňky jaň» dabarasy mynasybetli uçurymlar üçin Aşgabat we Arkadag şäherleriniň, welaýatlaryň gözel ýerlerine, medeni-dynç alyş merkezlerine, muzeýlere, seýilgählere gezelençler guraldy. Agşam «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde baýramçylyk dabarasy ýaýbaňlandyryldy. Oňa Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, uçurymlar, bilim işgärleri gatnaşdylar. Şeýle hem Döwlet sirkiniň öňündäki meýdançada medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Onda ak mermerli paýtagtymyza, Watanymyza, halkymyza, mekdep ýyllaryna bagyşlanan aýdymlar, joşgunly tanslar ýerine ýetirildi.