Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda
gözellik we atly sport bäsleşigi boýunça dünýä çempionatynyň çäklerinde
«Ahalteke bedewi: türkmeniň dünýewi seýisçilik sungaty» atly halkara ylmy-amaly
maslahat geçirildi. Oňa ýurdumyzyň wekilleri bilen bir hatarda, dünýäniň 20-den
gowrak ýurdundan alymlar, atçylyk pudagy boýunça hünärmenler gatnaşdylar.
Ahalteke bedewi özüniň köpasyrlyk taryhy,
gaýtalanmajak özboluşlylygy, ýyndamlygy we aýratyn gözelligi bilen diňe bir
Türkmenistanyň däl, eýsem, tutuş adamzat siwilizasiýasynyň gymmatly hazynasy
bolup durýar. Ahalteke atlary türkmen topragynda halk seçgiçiliginiň esasynda
müňýyllyklaryň dowamynda kemala getirilipdir.
Türkmen tarapynyň çykyşlarynda bellenilişi ýaly,
halkymyzyň geçmiş taryhynyň we häzirki durmuşynyň aýrylmaz bölegini emele
getirýän bedewler türkmen sungatynda owadanlygyň, kämilligiň, wepalylygyň
nusgasy hökmünde wasp edilýär. Asyrlara uzaýan taryhy bolan türkmen milli
atşynaslyk mekdebi häzirki döwürde dünýäniň medeni mirasynyň genji-hazynasynyň
gymmatlygy hökmünde ykrar edildi.
Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 5-nji dekabrynda
ýurdumyzyň milli hödürnamasy esasynda halkymyzyň ahalteke atçylyk sungaty we
atlary bezemek däpleri ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň
sanawyna girizildi. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe Gahryman Arkadagymyzyň milli gymmatlyklarymyzy dünýäde wagyz etmek
boýunça başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda
rowaçlyklara beslenýändiginiň aýdyň güwäsi boldy. Arkadag şäherindäki Aba
Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda döredilen «Ahalteke atlary —
parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO kluby ady rowaýata öwrülen ahalteke
bedewlerini giňden wagyz etmäge hem-de dünýä jemgyýetçiligini ahalteke atlarynyň
taryhy, ösdürilip ýetişdirilişine degişli däpleri we özboluşly häsiýetleri
bilen tanyşdyrmaga gönükdirilen maksatnamalaýyn işleri alyp barýar.
Maslahatda bellenilişi ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň
jöwher paýhasyndan dörän «Ahalteke bedewi — biziň buýsanjymyz we şöhratymyz», «Gadamy
batly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplary behişdi bedewlerimiziň
şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda gymmatly gollanmalardyr. Bu kitaplarda gamyşgulak
bedewlerimiziň şöhratly taryhyna, şu günki günde döwlet derejesinde edilýän
aladalara, türkmen bedewleriniň häsiýetli aýratynlyklaryna, halkymyzyň
abraý-mertebesini arşa götermekde türkmen bedewleriniň tutýan ornuna degişli
gymmatly maglumatlar beýan edilýär.
Nygtalyşy ýaly, täze taryhy döwürde Gahryman
Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda hem-de hormatly Prezidentimiziň parasatly
baştutanlygynda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, dünýäde giňden
wagyz etmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Şunda sungatyň dürli
ugurlary bilen bir hatarda, milli sirk sungatynyň ösdürilmegine hem möhüm
ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen döredilen «Galkynyş»
milli at üstündäki oýunlar toparynyň at üstünde ýerine ýetirýän çylşyrymly
tilsimleri, bedewlere ussatlyk bilen erk etmek, at çapmak sungatynyň ýokary
derejesini görkezýän çykyşlary milli sirk sungatymyzyň özboluşly
aýratynlygydyr.
Türkmen şekillendiriş we amaly-haşam sungatynda
bedewler gözelligiň we tebigy sazlaşygyň nusgasy bolup durýar. Ýurdumyzyň dürli
künjeklerinde ahalteke bedewleriniň heýkelleriniň oturdylmagy olara goýulýan
hormatyň nyşanydyr. Paýtagtymyzyň we Arkadag şäheriniň binagärlik keşbinde
bedewleriň şekiliniň aýratyn orun alandygyny bellemek gerek.
Soňra daşary ýurtly wekillere söz berildi.
Ilki bilen, Italiýa Respublikasynyň «Proeventi»
kompaniýasynyň ýolbaşçysy Antonio Jariola çykyş etdi. Ol maslahata gatnaşmaga
hem-de ahalteke atlarynyň özünde galdyran täsiri barada gürrüň bermäge
döredilen mümkinçilik üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden hoşallygyny beýan
etdi. Bellenilişi ýaly, ahalteke atlary özboluşly aýratynlyklara eýe bolup,
olar milli mirasyň gaýtalanmajak nusgasy hökmünde gözelligiň ajaýyp sazlaşygyny
emele getirýär. Türkmen bedewiniň we çapyksuwaryň bilelikdäki sazlaşykly
hereketleri tomaşaçylara ýatdan çykmajak pursatlary bagyşlaýar.
Türkmen-awstriýa jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger
şu ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany»
ýyly diýlip atlandyrylmagynyň türkmen bedewleriniň şöhratyny belende
galdyrmakda, bu gymmatly mirasy dünýäde wagyz etmekde möhüm tapgyry açandygyny
belledi. Ýylyň şygaryna bagyşlanan çäreleri guramak bilen, Türkmenistan
ahalteke atlarynyň gözelligini we türkmen çapyksuwarlarynyň ýokary ussatlygyny
ýene-de bir gezek tutuş dünýä äşgär edýär. Şoňa görä-de, ahalteke atlaryny
parahatçylygyň ilçisi, häzirki zaman medeni diplomatiýasynda dostlugyň we
hoşniýetli erkiň nyşany diýip atlandyrmaga doly esas bar. Türkmen-awstriýa
jemgyýetiniň ýolbaşçysy Neda Berger Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman
Serdarymyza, behişdi bedewleriň taryhy watanyna — Türkmenistana bagtyýarlyk,
abadançylyk baradaky arzuwlaryny goşgy setirleri bilen beýan etdi.
Soňra halkara ylmy-amaly maslahatda çykyş eden
Fransiýanyň atly sport federasiýasynyň hünärmeni Aleksandr Gro ahalteke
atlaryny seýislemekde toplan tejribesi barada gürrüň berdi. Bellenilişi ýaly,
bu atlara ideg etmek ýönekeý bir iş bolman, eýsem, ol asyrlaryň dowamynda
kemala gelen sungata aýawly garamakdyr. Bu atlar düşbüligi bilen beýleki
atlardan tapawutlanýar. Ahalteke atlary ýokary çydamlylygy we ýyndamlygy bilen
atly sport ýaryşlaryna gatnaşdyrmaga hem doly kybap gelýär. Bulardan başga-da,
bu atlar müňýyllyklara uzaýan taryhy geçmişiň önümi hem-de dünýä atşynaslygynyň
iň naýbaşy nusgasydyr.
Halkara atçylyk sport federasiýasynyň wekili Žan-Filip
Kambuliwi Türkmenistan tarapyndan durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň
netijesinde, adamzat medeniýetiniň genji-hazynasy bolan ahalteke atlarynyň
tohum arassalygynyň goralyp saklanylýandygyny, şunuň bilen baglylykda, halkara
hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini belledi. Häzirki wagtda Halkara
atçylyk sport federasiýasynyň Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy
bilen alyp barýan hyzmatdaşlygynyň çäklerinde ýaş hünärmenleri taýýarlamak,
olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, özara tejribe alyşmak işlerine uly
ähmiýet berilýär.
Fransiýanyň Ylmy gözlegler boýunça milli merkeziniň
hem-de Milli tebigat we taryh muzeýiniň uly ylmy işgäri Julio Bendezu-Sarmiento
çykyşynda Türkmenistanyň ahalteke atlarynyň gadymy watanydygyny tassyklaýan
birnäçe taryhy we ylmy-barlag maglumatlaryny beýan etdi. Nygtalyşy ýaly,
müňlerçe ýylyň geçendigine garamazdan, bedew türkmen halkynyň durmuşynyň we
medeniýetiniň aýrylmaz bölegi hökmünde ornuny has-da berkitdi. Häzirki wagtda
ahalteke aty milli mirasyň iň naýbaşy nusgalarynyň biri hökmünde dünýäni
haýrana goýýar.
Julio Bendezu-Sarmiento atçylyk pudagyny ösdürmekde
durmuşa geçirilýän işleri hem-de pudagyň işgärleri üçin gymmatly eserleri
sowgat edendigi üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman
Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen halkynyň gaýtalanmajak
milli seýisçilik sungatynyň geljekde hem dowamata atarylmagyny arzuw etdi.
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Ahalteke atlary
boýunça gaznasynyň ýolbaşçysy Patrisiýa Jonson ahalteke atlaryny hasaba almak
boýunça Demirgazyk Amerika ýurtlarynda durmuşa geçirilýän maksatnamalaýyn işler
barada durup geçdi. Şunuň bilen baglylykda, ahalteke atlaryny ösdürip
ýetişdirýän atçylyk toplumlary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edilýändigi bellenildi.
Nygtalyşy ýaly, şeýle işleriň geçirilmegi ahalteke atlarynyň tohum arassalygyny
gorap saklamakda we sanyny köpeltmekde uly ähmiýete eýedir.
Umumy mejlis tamamlanandan soňra, halkara ylmy-amaly
maslahatyň işi ýörite bölümlerde dowam etdi. Olara dünýäniň dürli ýurtlaryndan
alymlar we hünärmenler sanly ulgam arkaly hem gatnaşdylar. «Ahalteke
bedewleriniň taryhy we ösüş ýoly» atly mejlisde atlaryň dürli ulgamlarda
öwrenilişi, alymlaryň we taryhçylaryň galdyran maglumatlary boýunça beýan
edilenler täsirliligi bilen tapawutlandy.
Bellenilişi ýaly, örän irki döwürlerde döräp, seýisler
tarapyndan kämil sungat derejesine çykarylan türkmen atlary dünýäniň köp
bedewleriniň tohumynyň gowulanmagyna oňyn täsirini ýetiripdir. Olar owadanlyk,
ýyndamlyk we çydamlylyk taýdan tapawutlanyp, bu tohumyň gelip çykyşynyň örän
gadymylygy onuň halkymyzyň taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydygynda ýüze
çykýar. Bu sungatyň bütin dünýäde at-owazasynyň ýaýramagy we biziň günlerimize
gelip ýetmegi geçmişde ata-babalarymyzyň ynsan kimin üşükli, eýesine wepaly,
ýyndamlykda meşhurlyga eýe bolan ýüwrük atlary ýetişdirmek bilen birlikde,
olaryň tohum arassalygyny gowulandyrmaga aýratyn üns berendiginiň netijesidir.
«Ahalteke atçylyk sungatynyň we atlary bezemek
däpleriniň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasyna girizilmeginiň
ähmiýeti» atly mejlisde çykyş edenler gözelligi, ýyndamlygy bilen göreni
haýrana goýýan bedewleri seýislemegiň tutanýerli zähmeti, bilimi, söýgini,
zehini talap edýändigini nygtadylar. Şoňa görä-de, merdana pederlerimiz atlary
ösdürip ýetişdirmäge yhlasyny we zähmetini siňdirip, dünýä medeniýetine
gaýtalanmajak gymmatlygy bagyş edipdirler.
Türkmenistanda milli atçylyk sungatyny gorap saklamak,
öwrenmek we ösdürmek, onuň gözbaşy müňýyllyklara uzaýan baý däplerini wagyz
etmek, atçylyk sportuny höweslendirmek, gyzyklanma bildirýän ähli daşary ýurtly
hyzmatdaşlar bilen bu ulgamda netijeli gatnaşyklary giňeltmek babatda uly
mümkinçilikler döredildi.
«Ahalteke bedewleri şekillendiriş we amaly haşam
sungatynda» atly mejlisde nygtalyşy ýaly, gadymy döwürlerde biziň
ata-babalarymyz dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşapdyrlar we ajaýyp sungat
eserlerini döredipdirler. Olar haýsy döwürde we sebitde ýaşandyklaryna
garamazdan, türkmen bedewlerine aýratyn hormat goýupdyrlar hem-de olaryň
keşbini şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň ähli ugurlarynda gözelligiň
nyşany hökmünde şöhlelendiripdirler. Bedewler özleriniň owadanlygy, ýyndamlygy,
täsirliligi, wepalylygy, duýgurlygy bilen türkmen edebiýatynda, medeniýetinde
we sungatynda ebedi yz galdyrypdyrlar.
Halkara ylmy-amaly maslahatyň «Arassa ganly ahalteke
atçylygynda tohumçylyk hem-de weterinariýa işi we bedewleriň tohum arassalygyny
gorap saklamagyň genetiki-ylmy esaslary» atly mejlisi ylmy çemeleşmelere
baýlygy bilen tapawutlandy. Şunda atçylyk pudagynda üstünlikli iş alyp barmak
üçin Arkadag şäherinde döredilen mümkinçiliklere hem-de olary netijeli ulanmak
arkaly durmuşa geçirilýän işlere aýratyn üns çekildi. Diýarymyzda döwrebap
atçylyk sport toplumlary, ugurdaş ylmy-okuw merkezleri gurlup ulanmaga
berilýär, atşynaslaryň ýaşaýyş-durmuş we iş şertleri yzygiderli
gowulandyrylýar, atçylyk pudagy üçin ýokary derejeli hünärmenler
taýýarlanylýar. Arkadag şäherinde Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk
akademiýasynyň, Atçylyk ylmy-önümçilik merkeziniň döredilmegi munuň aýdyň
mysalydyr. Şeýle hem 2015-nji ýylda kabul edilen «Atçylyk we atly sport
hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň atçylyk, şol sanda ahalteke bedewleri bilen
baglanyşykly tohumçylyk-seçgi we weterinariýa işlerini düzgünleşdirýän möhüm
kanunçylyk binýadyny emele getirýändigi bellenildi.
«Ahalteke atlarynyň dünýä atçylyk medeniýetine,
taryhyna we tohumçylygyna täsiri» atly mejlisde türkmen bedewleriniň dünýä
atşynaslygynyň kemala gelmeginde eýelän ornuna aýratyn üns çekildi. Şöhratly ata-babalarymyz
özleriniň zähmetsöýerligi we zehini bilen bu täsin tohumy döredip, onuň
arassalygyny saklap, biziň günlerimize ýetiripdirler.
Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly
Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda, müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş
alýan atçylyk sungatymyza kuwwatly itergi berildi. Ýurdumyzda ahalteke
atlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmak, olaryň baş sanyny artdyrmak we
seleksiýa-tohumçylyk işleriniň hilini döwrebaplaşdyrmak döwlet syýasatynyň
ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Ady rowaýata öwrülen behişdi
bedewleriň mekany bolan Türkmenistan häzirki taryhy döwürde dürli ýurtlaryň
atşynaslarynyň, hünärmenleriniň we alymlarynyň işjeň hyzmatdaşlyk edýän,
tejribe alyşýan merkezine öwrüldi.
Halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar bu çäräniň
ahalteke bedewiniň taryhy-medeni ähmiýetini wagyz etmek, atşynaslyk däplerini
gorap saklamakda we kämilleşdirmekde täzeçil çemeleşmeleri öwrenmek, döwletara
hyzmatdaşlygyň çäklerinde atçylyk pudagynda gazanylan üstünlikler bilen
tanyşmak üçin ajaýyp mümkinçilik bolandygyny bellediler.
Şeýlelikde, ýurdumyzyň başlangyjy bilen Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke atlarynyň arasynda gözellik we atly sport bäsleşikleri boýunça dünýä çempionatynyň hem-de onuň çäklerinde halkara ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi atçylyk ulgamynda toplanan tejribäni, täze ylmy barlaglary, innowasiýalary alyşmak, halklaryň, ýurtlaryň arasynda medeni-ynsanperwer, şeýle-de sport diplomatiýasyny ilerletmek babatda möhüm waka boldy.