Şu gün ýurdumyzda Nebitgaz senagaty we geologiýa
işgärleriniň güni dabaraly bellenildi. Şunuň bilen baglylykda,
Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň mejlisler zalynda «Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýylynda nebitgaz pudagynda ýetilen sepgitler» atly
baýramçylyk maslahaty geçirildi.
Halkara Bitaraplyk gününiň yzysüre bellenilýän
hünär baýramçylygy mynasybetli guralan maslahat hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedowyň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň
nebitgaz senagaty we geologiýa işgärlerine iberen Gutlagynyň
okalmagy bilen başlandy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz Gutlagynda
nebitçileriň, gazçylaryň we geologlaryň yhlasly, tutanýerli zähmeti
netijesinde nebitgaz pudagynda uly üstünlikleriň gazanylýandygyny,
pudakda alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň ýurdumyza uglewodorod
serişdeleriniň gorlary boýunça dünýäniň öňdebaryjy döwletleriniň
hataryndaky ornuny berkitmäge ýardam edýändigini nygtady. Bellenilişi
ýaly, bu ugurda halkara derejeli iri taslamalara badalga bermek
bilen, uglewodorod serişdeleriniň, ilkinji nobatda, halkymyzyň
eşretli durmuşyna, geljek nesillerimiziň hem-de goňşy döwletleriň
halklarynyň abadançylygyna hyzmat etmegini gazanmak ugrunda möhüm
wezipeler öňde goýulýar. Pudagyň eksport mümkinçiliklerini diwersifikasiýa
ýoly bilen ösdürmek, köpugurly turba geçirijiler ulgamyny döretmek
döwletimiziň energetika syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň
biridir. Durmuşa geçirilýän bu işler energetika howpsuzlygyny üpjün
etmäge, sebitiň ýurtlarynyň abadançylygyna, ykdysady taýdan durnukly
gurşawy emele getirmäge gönükdirilendir. Dabara gatnaşyjylar
hormatly Prezidentimiziň Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler.
Soňra maslahata gatnaşyjy myhmanlara we nebitgaz
toplumynyň işgärlerine söz berildi. Olar çykyşlarynda Gahryman
Arkadagymyzyň tagallalary netijesinde 2009-njy ýylyň 14-nji dekabrynda
Türkmenistan — Hytaý halkara gaz geçirijisiniň açylyp ulanmaga
berlip, taryhyň sahypalaryna altyn harplar bilen ýazylan şol senäniň
ýurdumyzda Nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň güni hökmünde
bellenilmeginiň özboluşly many-mazmuna eýe bolandygyny nygtadylar.
Eziz Diýarymyzyň dürli künjeklerinde täze nebitli we gazly ýataklaryň
açylmagyny, Türkmenistan — Hytaý, Gündogar — Günbatar gaz geçirijilerini,
gurluşygy alnyp barylýan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —
Hindistan halkara gaz geçirijisiniň taslamasyny pudakda gazanylan
üstünlikleriň hatarynda görkezmek bolar. Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideriniň bu taslamanyň
möhüm bölegi bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz
geçirijisiniň gurluşygyna ak pata bermegi ýurtlaryň uzak möhletleýin
ösüşine kuwwatly itergi bermäge hem-de sebitde durnukly ösüşi üpjün
etmäge ygrarlylygyň nobatdaky mysalyna öwrüldi.
Çykyşlarda milli maksatnamalara laýyklykda,
pudakda önümçiligiň derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen
toplumlaýyn çäreleri amala aşyrmagyň göz öňünde tutulýandygy bellenildi.
Ýurdumyzdaky uglewodorod känli ulanyş guýularyndan çig malyň yzygiderli
alynmagy we nebitgazly ýataklaryň üstünlikli özleşdirilmegi bu
ugurdaky işleriň ýokary depginlerde alnyp barylýandygyny görkezýär.
Şunuň bilen birlikde, çykyş edenler nebitgaz ýataklary özleşdirilende,
uglewodorod serişdeleri çykarylanda, gaýtadan işlenilende
hem-de sarp edijilere iberilende daşky gurşawy aýawly saklamagyň
talaplaryny berjaý etmegiň, bu işleri ýokary ekologik talaplara
laýyklykda amala aşyrmagyň, şeýle-de howanyň üýtgemegine täsiri
peseltmegiň öňde durýan möhüm wezipeler bolup durýandygyna ünsi
çekdiler.
Maslahatyň dowamynda Nebitgaz senagaty we geologiýa
işgärleriniň güni mynasybetli nebitgaz toplumynyň zähmetde tapawutlanan
işgärlerine hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar
gowşuryldy. Soňra «Nebitgaz baýlygym, hazyna-genjim,//Waspyň etsin
diller, saňa buýsanjym» we «Parahatlyk nury örtüp Zemini,//Geldi jebisligiň
ajap zamany« diýen at bilen geçirilen bäsleşikleriň ýeňijilerini
sylaglamak dabarasy boldy. Bäsleşikler Türkmenistanyň Nebitgaz
toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň geňeşi bilen «Türkmengaz»
döwlet konserniniň «Nebit-gaz» gazetiniň redaksiýasynyň bilelikde
yglan etmeginde hekaýalar, oçerkler, makalalar we fotoreportaž
ugurlary boýunça geçirildi.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.
Soňra Nebitgaz toplumynyň Medeni-işewürlik merkezinde
konsert geçirildi. Hünär baýramçylygy mynasybetli guralan konsertde
ýurdumyzyň sungat ussatlary çykyş etdiler.