milli goshun logo
Mukaddes borjuň üç galkany
Mukaddes borjuň üç galkany
03.10.2018 2313 Harby özgertmeler

Watan – türkmende mukaddeslik hasaplanýan gymmatlyklaryň naýbaşysy. Bu mukaddesligiň goragynda, hyzmatynda durmak bolsa biziň her birimiz üçin parzdyr. Ine, şol parzy buýsanç bilen ýerine ýetirýän esgerleriň arasynda, bir maşgaladan gaýdyp, mynasyp borjy berjaý edýän üçem gerçekleriň bardygynyň özi hem buýsandyryjy ýagdaý. Gahryman Arkadagymyz hem «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym» atly kitabynda: «Watan öý-ojakdan, maşgaladan başlanýar» diýip belläp geçýär.

Ýürekleri «Watan» diýip urýan üç ynsany bir maşgala jem eden ykbally – üçemler Bahtyýarowlar şol asylly ýörelgäni mynasyp dowam etdirýärler. Sapar, Myrat, Serdar atly bu üçemler häzirki wagtda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň aýratyn Hormat garawuly batalýonynda çagyryş boýunça harby gulluklaryny dowam etdirmek bilen, Watanymyzyň goraglylygynyň pugtalandyrylmagyna özleriniň önjeýli goşantlaryny goşýarlar.

Hormat garawuly batalýony biziň köpimize mälim bolşy ýaly, dabaraly mejlislerde, ýurdumyza gelýän daşary ýurt ýolbaşçylary garşylananda we ugradylanda, şeýle-de ýadygärlikleriň açylyşynda harby hormatlary bermek wezipesini ýerine ýetirýär. Batalýonyň serkerdeleri we esgerleri ýaragly nyzam emellerini ýerine ýetirmekde, şol sanda türkmenleriň gadymy söweş ýaraglarynyň biri bolan gylyçda dürli emelleri görkezmekde hem ýokary derejeli ussatlardygyny dabaralandyrmagyň hötdesinden gelýärler. Olar şanly Garaşsyzlygymyzyň baýramçylyk dabaralarynda-da milli buýsanjymyzyň şekillerini janlandyryp, halkymyza özboluşly, sazlaşykly baýramçylyk sowgatlaryny edýärler.

Şol abraýly batalýonyň şahsy düzüminde eýýäm köpler tarapyndan tanalýan, çagyryş boýunça harby gullugyny üstünlikli, göreldeli alyp barýan üçemler – Bahtyýarowlar batalýonyna mahsus hereketleri bilen owadan, görnükli sazlaşygy bilen tapawutlanýarlar. Hormat garawuly tarapyndan daşary ýurtdan gelýän döwlet ýolbaşçylarynyň garşylanyşynda bu üçemler öň hatarda goýlup, gelýän myhmanlary özleriniň meňzeşligi, deňhereketliligi bilen haýrana goýýarlar. Dabaraly harby ýörişlerde, Hormat garawuly tarapyndan taýýarlanýan ýörite çykyşlarda özleriniň ussatlyklary, ýaraga erk edişleri, nyzam emelleriniň sazlaşyklylygy, iň esasysy hem meňzeşligi bilen öňe çykýan üçemler – Bahtyýarowlar häzirki wagtda batalýonyň iň göreldeli esgerleriniň hataryndadyr. Garaşsyzlygymyzyň şanly 27 ýyllyk baýramçylyk dabarasynyň harby ýörişinde hem, bu üçemler Baş münberiň öňünden Döwlet baýdagymyzy göterip, buýsançly başlaryny belent tutup geçdiler. Ata-babalarymyzdan gelýän ýol-ýörelgeleri nazarlasaň, baýdak götermek wezipesi iň bir edermen, gaýduwsyz, batyr ýigitlere ynanylypdyr. Bu bolsa üçemleriň bir jan-u-bir ten bolup, Watan öňündäki gulluk borçlaryny abraýly, göreldeli alyp barýandygynyň kesgitli güwäsidir.