milli goshun logo
Möhüm ähmiýetli duşuşyk
Möhüm ähmiýetli duşuşyk
21.04.2025 167 Habarlar

Şenbe güni – 19-njy aprelde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa ýurdumyza sapar bilen gelen «Al-Arabiýa» teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysy Rizwan Hanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy. Duşuşykda myhmanlar gaznanyň alyp barýan işleri bilen giňişleýin tanyşdyryldy.

O.Atabaýewa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde Türkmenistanda üpjün edilen syýasy abadançylygyň, amala aşyrylýan oýlanyşykly ykdysady strategiýanyň ýurtda ähli ugurlar boýunça uly depginli ösüşleri gazanmaga, şol sanda hemaýat-goldawa mätäç çagalara hemmetaraplaýyn kömek bermäge giň mümkinçilikleri döredýändigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, myhmanlar gaznanyň alyp barýan işleri bilen ýakyndan tanyşmaga gyzyklanma bildirýändiklerini aýtdylar.

Duşuşykdan soňra, O.Atabaýewa myhmanlaryň haýyşyna kanagatlanma bilen seslenip, dünýäniň meşhur «Al-Arabiýa» teleýaýlymynyň esasy alypbaryjysy Rizwan Hanyň sowallaryna jogap berdi.