Düýn – 16-njy maýda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň duşuşygy boldy.
Duşuşygyň dowamynda türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, halklarymyzyň arasyndaky doganlyk gatnaşyklaryň däp-dessurlaryň, dilleriň meňzeşligine, medeniýetleriň umumylygyna, özara hormat goýmaga, deňhukuklylyga esaslanýandygy nygtaldy. Ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklar netijeli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm şertleriniň biri bolup durýar.