20.05.2022 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Milli Liderimiziň köpugurly syýasaty täze neşirleriň sahypalarynda
Milli Liderimiziň köpugurly syýasaty täze neşirleriň sahypalarynda
22.01.2022 153 Habarlar

21-nji ýanwarda paýtagtymyzda «Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara habar beriş serişdelerine beren interwýulary», «Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy» hem-de «Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti» atly syýasy kitaplaryň neşir edilmegi mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu kitaplarda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döredijilikli ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň saýlan netijeli daşary syýasat ugry aýdyň şöhlelendirilýär.

Forumyň dowamynda medeni diplomatiýa – ählumumy parahatçylygyň kepili, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik hem-de hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty, onuň sebit we halkara hyzmatdaşlyga, Merkezi Aziýada ýakynlaşmak işine goşan düýpli goşandy ýaly mowzuklara bagyşlanan çykyşlar diňlenildi. Milli Liderimiziň eserleriniň hem-de taryhy çykyşlarynyň ýaşlar üçin terbiýeçilik ähmiýetine aýratyn üns berildi.