Düýn – 16-njy aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidentleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.
Maslahatda häzirki döwürde gazna tarapyndan alnyp barylýan işler we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem çagalaryň irki ösüşini kadaly ýola goýmak, ýaş nesilleriň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini işjeňleşdirmek babatdaky işleriň häzirki zaman ylmynyň esasynda durmuşa geçirilmeginiň wajypdygy bellenildi.