milli goshun logo
Milli Liderimiziň Arkadag şäherine iş sapary
Milli Liderimiziň Arkadag şäherine iş sapary
28.03.2025 124 Habarlar

         Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda bina edilen Arkadag şäherinde iş saparynda boldy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz täze şäheriň çäklerinde gurulýan dürli maksatly desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy we degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.

Häzirki wagtda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilýän desgalardaky işleriň depginleri barha ýokarlanýar. Milli Liderimiz, ilki bilen, şäheriň çäklerinde alnyp barylýan işleriň talabalaýyk ýola goýulmalydygyny, bu ýerde arassaçylygyň, ähli binalaryň abadançylyk derejesiniň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belledi. Türkmenistanyň at gazanan arhitektory Gahryman Arkadagymyz ikinji tapgyrda gurulýan we gurulmagy teklip edilýän desgalaryň şekil taslamalary bilen tanyşdy.

Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda täze şäheriň çäklerinde Milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklaryny üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda zerur tagallalar edilýär. Şol bir wagtyň özünde Arkadag şäheriniň medeni-dynç alyş we çagalar seýilgähleriniň, beýleki desgalaryň gurluşyklary boýunça taýýarlyk hem-de gurluşyklara girişmek işleri toplumlaýyn esasda alnyp barylýar.