Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Fransiýa Respublikasyna resmi saparynyň çäklerinde Türkmen-fransuz ykdysady forumyna gatnaşdy. Onuň geçirilen ýeri bolan «InterContinental Paris – Le Grand» myhmanhanasynda Gahryman Arkadagymyzy Fransiýanyň «MEDEF-International» halkara assosiasiýasynyň Ýerine ýetiriji direktory Filipp Gautýe mähirli garşylady.
Gahryman Arkadagymyz şu günki duşuşygyň guralandygy hem-de türkmen-fransuz ykdysady hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin fransuz tarapyna minnetdarlyk bildirip, forumdaky çykyşynyň üç ugurdan ybaratdygyny belledi. Olaryň birinjisi Türkmenistanyň häzirki geosyýasy ýagdaýy, ikinjisi geoykdysady ýagdaýy, üçünjisi bolsa bilelikdäki işleri utgaşdyrmak bilen bagly meseledir.
Soňra ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.