Düýn – 1-nji aprelde ir bilen Balkan welaýatynda iş saparynda bolýan türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherinden dikuçarda Balkanabat şäherine geldi. Gahryman Arkadagymyz Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň gurluşygynyň güýçli depginde dowam edýän ýerine baryp, alnyp barylýan giň möçberli gurluşyk işleri bilen tanyşdy.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy bu ýerde Halkara howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynyň gurluş aýratynlyklary, onda ulanylýan serişdeleriň berkligi, uzak möhletleýinligi bilen gyzyklandy. Uçuş-gonuş zolagy şu talaplara, bu ugra degişli ýokary halkara görkezijilere laýyk derejede gurlupdyr. Gahryman Arkadagymyz ulag-kommunikasiýa pudagynyň dünýä ykdysadyýetiniň we söwda dolanyşygynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belläp, täze howa menziliniň ýurdumyzyň dünýä hojalyk gatnaşyklaryna goşulyşmagynda we ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmek bilen bagly wezipeleri çözmekde aýratyn orun eýelejekdigini aýtdy. Şol pursatda gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan Halkara howa menziliniň uçuş-gonuş zolagynda uçaryň synag gonuşy amala aşyryldy. Munuň özi özboluşly synag gonuşy bolmak bilen, menziliň uçuş-gonuş zolaklarynyň dünýä standartlaryna laýyk gelýändigini aýdyňlygy bilen äşgär etdi.