Düýn – 9-njy maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabat şäheri boýunça iş saparyny amala aşyryp, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň çäginde alnyp barylýan gurluşyk işleri hem-de gurulmagy meýilleşdirilýän täze desgalaryň taslamalary bilen tanyşdy.
Bu ýerde Gahryman Arkadagymyza Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Aşgabatda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Häzirki döwürde ýurdumyz tutuşlygyna ägirt uly gurluşyk meýdançasyna öwrüldi, şol sanda paýtagtymyzda bilim, saglygy goraýyş, medeniýet we sungat ulgamlaryna degişli desgalaryň köp sanlysynyň gurluşygy alnyp barylýar. Munuň özi gurluşyklaryň aglaba köpüsiniň durmuş ulgamyna degişlidigini görkezýär.