milli goshun logo
Milli Liderimiz Monako Knýazlygyna sapar bilen ugrady
Milli Liderimiz Monako Knýazlygyna sapar bilen ugrady
20.01.2025 238 Habarlar

Düýn – 19-njy ýanwarda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Monako Knýazlygyna sapar bilen ugrady. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeş boldy.

Gahryman Arkadagymyz şu ýyl Türkmenistan bilen Monakonyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 10 ýyl dolýandygyny, şoňa görä, bu saparyň ýurtlarymyzyň arasynda dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm tapgyr boljakdygyny belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Monako bilen ilerledilýän hyzmatdaşlygyň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde giňden wagyz edilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi hem-de bu babatda metbugat wekillerine degişli tabşyryklary berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Monako Knýazlygyna sapary hem özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmekde täze sahypany açar.