29.07.2021 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Milli Liderimiz Balkan welaýatynda täze desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralaryna gatnaşdy
Milli Liderimiz Balkan welaýatynda täze desgalaryň düýbüni tutmak we açylyş dabaralaryna gatnaşdy
15.07.2021 66 Habarlar

14-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň düýbüni tutmak hem-de welaýat merkezi Balkanabat şäherinde “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.

Balkan welaýatynda guralan dabaralar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýylýazgysyna täze sahypany ýazdy. Nobatdaky iri desgalaryň dabaraly ýagdaýda düýbüniň tutulmagy hem-de ulanylmaga berilmegi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda alnyp barylýan hem-de Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň gülläp ösmegine we halkymyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändiginiň ýene bir aýdyň subutnamasy boldy.