Mertlik mekdebi
Mertlik mekdebi
25.03.2019 2207 Harby özgertmeler

Golaýda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň watan goragçylaryna görkezýän şahsy göreldesine eýerip, harby gullukçylardan iň ussat mergenleri kemala getirmek, olaryň taýýarlyklarynyň derejesini has-da ýokarlandyrmak we öňdebaryjy tejribeleri özleşdirmek maksady bilen, TÝG-niň ähli harby bölümleriniň arasynda «Iň ökde mergen» atly toparlaýyn bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşikde harby gullukçylar «Ýekelikdäki hasap», «Jübütleýin hasap» hem-de «Mergenlik estafetasy» ýaly tapgyrlar boýunça bäsleşip, özleriniň mergenlik, nyşana dürs ot açmak, dürli aralykdaky nyşanalary ussatlyk bilen ýok etmek ukyplaryny has-da kämilleşdirdiler.

Bäsleşigiň «Ýekelikdäki hasap» tapgyrynda 1-nji orna borçnama boýunça harby gullugyň starşinasy Daýanç Orazsähedow, 2-nji orna çagyryş boýunça harby gullugyň kiçi seržanty Allanur Gapurow, 3-nji orna bolsa çagyryş boýunça harby gullugyň kiçi seržanty Şatlyk Nepesow dagy, örän gyzgalaňly geçen «Jübütleýin hasap» tapgyrynda 1-nji orna borçnama boýunça harby gullugyň starşinasy Süleýman Gurbanow, 2-nji orna borçnama boýunça harby gullugyň uly seržantlary Maksat Muradow hem-de Allanur Jumagylyjow, 3-nji orna bolsa borçnama boýunça harby gullugyň starşinasy Hurşytbek Redžepow we borçnama boýunça harby gullugyň kiçi seržanty Täçgeldi Hanow dagy eýe boldular. Bäsleşigiň iň arzyly «Mergenlik estafetasy» atly tapgyrynda 1-nji orna podpolkownik Begenç Annaýewiň serkerdelik edýän harby bölüminiň topary, 2-nji orna polkownik Amangeldi Berdiýewiň serkerdelik edýän harby bölüminiň topary, 3-nji orna bolsa podpolkownik Muhammet Jumaýewiň serkerdelik edýän harby bölüminiň topary mynasyp boldular. Bäsleşigiň ýeňijileri Hormat hatlary bilen sylaglandylar.

Ýazmuhammet ÖWEZBERDIÝEW, uly leýtenant.