milli goshun logo
Merdana pederleriň ruhuna tagzym
Merdana pederleriň ruhuna tagzym
5 sagat öň 23 Habarlar

Watan goragçylarynyň güni mynasybetli ýaýbaňlandyrylan giň gerimli çäreleriň çäklerinde paýtagtymyzyň gözel künjeginde ata-babalarymyzyň gahrymançylyklarynyň hormatyna bina edilen «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň «Baky şöhrat», «Ruhy tagzym» we «Milletiň ogullary» ýadygärliklerine ter gül desselerini goýmak çäresi boldy. Oňa ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçy düzümi, serkerdeler, harby gullukçylar, harby talyplardyr harby okuwçylar gatnaşdylar.

Halkymyz özüniň gerçek ogullaryny uly hormat bilen sarpalaýar. Gaýduwsyzlygyň, deňsiz-taýsyz edermenligiň nusgasy bolan pederlerimiziň ömür ýoly her bir harby gullukçy üçin mekdepdir. 2014-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda paýtagtymyzyň ajaýyp künjeginde açylan «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumy hem ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde özboluşly taryhy mesgene öwrüldi.

Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň merdana goragçylarynyň hünär baýramçylygy mynasybetli merdana ogullaryň hormatyna gül desseleriniň goýulmagy ata Watany goramagyň, watansöýüjiligiň, gahrymançylygyň belent nusgasyna öwrülen pederlerimize ruhy tagzymdyr. Munuň özi Garaşsyz Diýarymyzda asudalygyň goragçylaryna goýulýan sarpany belende göterip, Watan mukaddesligini has-da dabaralandyrdy.