milli goshun logo
«Merdana» myhmanhanasyna hoş geldiňiz!
«Merdana» myhmanhanasyna hoş geldiňiz!
5 sagat öň 24 Harby özgertmeler | Habarlar

Dünýä ülňülerine laýyk gelýän «Merdana» myhmanhanasy ýurdymyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň, harby gullukçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň, şeýle hem bu ýere dynç alyşa gelýän watandaşlarymyzyň hem-de daşary ýurtly jahankeşdeleriň göwnejaý dynç almaklary üçin ähli mümkinçilikleri özünde jemleýär.

Myhmanhananyň 1-nji gatyndaky hasaba alyş bölüminde myhmanlary ýokary derejeli garşylamak üçin ähli amatlyklary bolan zal, sagaldyş merkezinde döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen ýapyk howuz, fitnes zaly, wito bar, bug otagy, Sauna, Türk hammamy we massaž otagy ýerleşdirilen. Myhmanhananyň restoranynda myhmanlara türkmen milli tagamlary bilen bir hatarda Aziýanyň we Ýewropanyň naharlary hem hödürlenilýär.

Myhmanhananyň ýokarky gatlarynda myhmanlar üçin döwrebap şertleri öz içine alýan dürli görnüşli dynç alyş otaglary ýerleşýär. Olaryň hatarynda 1 we 2 adamlyk standart otaglar, şeýle hem maşgala agzalary bilen dynç almaga gelen adamlar üçin ähli şertler bilen üpjün edilen maşgala otaglary bar. Ähli amatlyklary bolan lýuks otaglarynda myhmanlar has ýokary hilli hyzmatlardan peýdalanyp, rahat dynç alyp bilerler.

Dynç almaga gelenler myhmanhananyň çägindäki açyk meýdanda bina edilen sport meýdançasynda sportuň futbol, woleýbol, basketbol we tennis ýaly görnüşleri bilen wagtlaryny has-da täsirli geçirip bilerler. «Merdana» myhmanhanasynyň akwaparkly açyk howuzlarynda ulular bilen bir hatarda, çagalaryň hem ýüzmegi üçin mümkinçilikler göz öňünde tutulan. Myhmanlaryň Hazar deňziniň ekologiýa taýdan arassa we şypaly kenarynda güneşlemekleri üçin-de ähli zerur şertler bar. Deňziň içine tarap alyp gidýän ýörite ýodajykly meýdança bolsa myhmanlaryň Hazar deňzine syn etmeklerine mümkinçilik berýär.

«Merdana» myhmanhanasyna hoş geldiňiz!

Fotosuratlary «Multimedia» bölümimizde görüp bilersiňiz!