Düýn – 26-njy aprelde «Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» atly halkara gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigi ussat hünärmenleriň, bedew muşdaklarynyň ünsüni özüne çekýän ýatdan çykmajak wakadyr. Geçirilen saýlama tapgyrlaryň barşynda bäsleşigiň jemleýji tapgyryna owadan, syratly, ajaýyp atlaryň 10-sy çykaryldy.
«2025-nji ýylyň iň owadan ahalteke bedewi» diýen ada 2020-nji ýylda doglan Meleguş diýen mele at mynasyp boldy. Halkara gözellik bäsleşiginiň ýeňijisi bolan atyň eýesine hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baş baýragy – «Toyota Camry V6» kysymly ýeňil awtoulagyň açary, göçme kubok hem-de diplom gowşuryldy.