Medeniýet we sungat işgärleriniň
hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe gabatlanyp geçirilýän Medeniýet
hepdeliginiň dürli çärelere beslenen üçünji güni Ak bugdaý etrabynyň merkezi
kitaphanasynda ýurdumyzyň kitaphana işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen
usulyýet maslahaty bilen badalga aldy.
Soňra bu giň gerimli çäre Yzgant
şäherçesindäki Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky medeniýet köşgünde dowam etdi.
Bu ýerde «Parahatçylyk we ynanyşmak dost-doganlygyň binýadydyr» atly maslahat
geçirildi. Ol ýurdumyzyň dürli künjeklerinden gelen žurnalistleri bir ýere
jemledi.
2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň
medeni paýtagty” diýlip yglan edilen Änew şäherinde Balkan we Daşoguz
welaýatlarynyň medeniýet, sungat işgärleriniň gatnaşmagynda baýramçylyk
konserti geçirildi.
Medeniýet hepdeliginiň üçünji güni
Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda “Şasenem-Garyp” operasynyň
görkezilmegi bilen tamamlandy. Halk dessanyna esaslanyp taýýarlanylan sahna
eseri sylag-hormat, borç, söýgi, dostluk, ahlak arassalygy, adam mertebesi ýaly
hiç haçan gymmatyny ýitirmeýän umumadamzat gymmatlyklaryny wagyz edýär.
Aýdym-sazly bölekler, lybaslaryň we bezegleriň ajaýyplygy, artistleriň
ussatlygy halkymyzyň däp-dessurlarynyň özboluşlylygyny çuňňur duýmaga şert
döredip, gaýtalanmajak sahna eseriniň täsirliligini artdyrdy.