milli goshun logo
Medeniýet hepdeligi — 2025: dördünji gün
Medeniýet hepdeligi — 2025: dördünji gün
5 sagat öň 20 Habarlar

Ýurdumyzda dowam edýän Medeniýet hepdeliginiň dördünji gününiň medeni çäreleri gadymy Änew galasynyň ýerleşýän ýerinde geçirilen «Taryhy-medeni ýadygärlikleri öwrenmegiň we gorap saklamagyň häzirki zaman usullary» atly meýdan şertlerindäki ylmy-usulyýet maslahaty bilen badalga aldy.

Soňra Bäherden etrabynyň medeniýet öýünde Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gara Seýitliýewiň doglan gününiň 110 ýyllygyna hem-de şahyr Mämmet Seýidowyň doglan gününiň 100 ýyllygyna bagyşlanyp, «Halypa şahyrlara hormat» atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Görnükli söz ussatlaryny sarpalamak maksady bilen guralan çäre edebiýat söýüjileri bir ýere jemledi. Çäräniň çäklerinde Gara Seýitliýewiň we Mämmet Seýidowyň goşgulary labyzly okaldy, olaryň eserlerine döredilen aýdymlaryň ýerine ýetirilmegi bolsa aýratyn hormat-sarpanyň, ruhubelentligiň nyşanyna öwrüldi.

Soňra hepdeligiň nobatdaky gününiň çäreleri Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasyndaky medeniýet öýünde dowam etdi. Bu ýerde maşgala aýdym-saz toparlarynyň işini kämilleşdirmek boýunça usuly maslahat geçirildi.

Änew şäherindäki medeniýet öýüniň sahnasynda Lebap we Mary welaýatlarynyň medeniýet, sungat işgärleriniň guran giň gerimli konserti döredijilik forumynyň dördünji gününiň özboluşly jemlenmesine öwrüldi.